Eýran hökümetiniň metbugat sekretary: Birmeňzeş duýgudaşlyk dünýäniň hiç bir künjegine mahsus däldir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i26050-eýran_hökümetiniň_metbugat_sekretary_birmeňzeş_duýgudaşlyk_dünýäniň_hiç_bir_künjegine_mahsus_däldir
Eýran hökümetiniň metbugat sekretary, Amerikanyň Kaliforniýa ştatynda bolup geçen güýçli ýangyna we bu ştatyň halkynyň görgülerine gaýtawul görkezip, birmeňzeş duýgudaşlyk dünýäniň hiç bir künjegine mahsus däldir diýdi.
(last modified 2025-01-12T07:11:07+00:00 )
Jan 12, 2025 12:11 Asia/Ashgabat
  • Eýran hökümetiniň metbugat sekretary: Birmeňzeş duýgudaşlyk dünýäniň hiç bir künjegine mahsus däldir

Eýran hökümetiniň metbugat sekretary, Amerikanyň Kaliforniýa ştatynda bolup geçen güýçli ýangyna we bu ştatyň halkynyň görgülerine gaýtawul görkezip, birmeňzeş duýgudaşlyk dünýäniň hiç bir künjegine mahsus däldir diýdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň hökümetiniň metbugat sekretary "Fateme Mohajerani adamzat uruş ýa-da tebigat belalar bilen beýleki halklaryň öýleriniň we tebigy baýlyklarynyň weýran bolmagyna biperwaý garap bilmez diýdi.

Eýran hökümetiniň metbugat sekretary, şuňa meňzeş duýgudaşlygyň dünýäniň islendik künjegine mahsus däldigini aýtmak bilen, Eýran, öýlerinden we howpsuz ýaşaýyş şertlerinden aýrylan we öýleri we emläkleri ýanyp ýok bolan Kaliforniýanyň ilatyna duýgudaşlyk bildirýär diýdi.

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Los-An Angeleseles şäheri bäş gün ozal sowuklygyň ortasynda we gyş möwsüminiň başlamagy bilen bir wagtyň özünde gözegçilik edip bolmaýan otda ýanýar we  müňlerçe adamy öýsüz-öwzarsyz galdyrdy we şu wagta çenli köp zyýanlary ýetişdirdi.