General-maýor Bagheri Eýranyň ýaragly Güýçleriniň içerki mümkinçiliklere bil baglaýandygyny nygtady
Eýranyň ýaragly Güýçleriniň Baş sekretary, bir halkyň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we belent maksatlaryny amala aşyryp biljekdigini we diňe özüne bil baglamaga güýji ýeten ýagdaýynda olara ýetip biljekdigini mälim etdi we şeýle diýdi: "Uly güýçlere garaşlylyk kemsitmekden we harlykdan başga ykbal getirmeýär . "
"Sahab ulgamyny", IRNA habar gullugyna salgylanyp, Eýranyň ýaragly Güýçleriniň Baş sekretary general-maýor Muhammet Bagheriniň "Zagros" signal aňtaw gämisine goşulmak dabarasynda eden çykyşynda: "Eýran deňiz flotunyň Umman deňizinde, Hindi ummany, Günbatar Aziýa sebiti, şeýle hem dünýäniň ähli deňizlerinde we ummanlarynda deňiz howpsuzlygy wezipesini ýerine ýetirmek ugurdaky borçlaryna garanyňda şeýle gymmatly aňtaw ukybyny talap etýärdi diýdi.