Pezeşkian Günbatar bilen gepleşiklere taýýar
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Tähranyň Günbatar bilen gepleşiklere taýýardygyny aýtdy.
IRNA-nyň habaryna görä, Masud Pezeşkian Amerikan NBC teleýaýlymyna beren interwýusynda Eýran Yslam Respublikasynyň we 14-nji hökümetiň içerki we daşarky meseleler boýunça pozisiýalaryny we çemeleşmelerini açylalp, Amerikanyň we Ýewropa ýurtlarynyň erbet taryhyna garamazdan, mertebämizi we paýhasymyzy göz öňünde tutup, deň gepleşik geçirmäge taýýardyrys diýdi.
Eýranyň prezidenti, Amerikanyň täze hökümeti bilen gepleşik geçirmäge taýýardygy baradaky soraga jogap höküminde, Waşington ýadro şertnamasyny goşmak bilen öz borçlaryny ýerine ýetirse, gepleşikleriň täze tapgyryny geçirmäge taýýardyrys diýdi.
Pezeşkian sözüniň dowamynda şeýle-de Ýewropa we Amerikan taraplary bilen geçirilen öňki gepleşiklerde ýadro şertnamasyna esaslanýan ähli borçnamalary ýerine ýetirdik, ýöne bu borçnamalary ýerine ýetirmedik beýleki tarapdy diýip beýan etdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti ABŞ-nyň we Sionist režimiň harby howplary barada-da hem gürrüň gozgap, elbetde, her bir herekete mynasip reaksiýa bereris diýdi. Ol sözüniň dowamynda uruşdan gorkamzok, ýöne uruş hem gözlemeýäris diýdi. Pezeşkian Eýrana garşy hüjüm etmek sebite we bütin dünýä zyýan ýetirer diýdi.
Eýranyň prezidenti, şeýle hem Günbatar ýurtlarynyň Eýranyň ýadro bombasyna ýakynlaşýandygy baradaky aýdanlary barada şeýle diýdi: ýadro işleri hemişe halkara gözegçiligine sezewar edildi.
Pezeşkian, Eýranyň Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Kuds Güýçleriniň merhum serkerdesi general Soleýmany terror etmek baradaky buýrugy sebäpli ABŞ-nyň prezidenti Trumpyň janyna kast etmek synanyşygy baradaky myş-myşlary ret edip, Eýran hiç haçan hiç kimi terror etmegiň yzynda däldir diýdi.
Pezeşkian Eýran bilen Russiýanyň arasynda strategiki şertnama gol çekişmek barada hem: Biz ähli ýurtlar, şol sanda Ýewropa bilen strategiki şertnama baglaşmaga we mümkin bolan ähli ugurlarda işleşmäge synanyşýarys diýdi.