Ymam Hameneýiniň duşmanlaryň hyýallaryna salgylanmagy: kimiň ejizländigini geljek görkezer
Yslam rewolýusiýasynyň lideri, Eýranyň ýüzlerçe telekeçisi, maýadary we ykdysady aktiwisti bilen bolan duşuşygynda ýurduň gowşamagyny duşmanlaryň hyýaly we puç toslamalary diýip atlandyrdylar.
Sahab ulgamyň ýokary derejeli Ýolbaşçynyň edarasynyň maglumat bazasyna salgylanyp beren habaryna görä, Ymam Hameneýi bu ýygnakda Eýranyň gowşaşmagy baradaky aldawly we hyýaly sözlere salgylanyp geljek kimiň ejizlenendigini görkezer, sebäbi Saddam Eýranyň ejizdigini pikir edip çozuşa başlady we Reagan şol bir pikir bilen oňa köp kömek etdi, ýöne ahyrsoňy bu ikisi we başga-da onlarça hyýaly adamlar ýok boldylar we Yslam respublikasy günsaýyn ösdi we bu tejribäni Hudaýyň merhemeti bilen gaýtalap bolýar diýdiler.
Ynkylap lideri, BRICS ýaly forumlara gatnaşmagy möhüm hasaplady we bu uly pursatdan peýdalanmak üçin Eýranyň diplomatik işgärleriniň işiniň zerurdygyny aýtmak bilen Agza ýurtlaryň walýutalary bilen maliýe alyş-çalşyny üpjün edýän BRICS maliýe ulgamy möhüm mümkinçilikdir diýip beýan etdi.
Hezretleri şeýle-de dollary täjirçilik biresalaryndan mümkin boldugyça aýyrmagyň zerurdygyny aýtmak bilen bu ugurda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň hem gözleýän bu eseri, gaty möhüm we uly iş we ykdysady kampaniýada örän aýgytly ädimdir diýmek bilen Eýranyň Merkezi Banky beýleki walýutalaryň paýlanmagy üçin meýdana gelmelidir, elbetde, muny etmek reaksiýa döreder, ýöne bu ýurduň elini güýçlendirer diýip nygtadylar.
Rewolýusiýanyň lideri çykyşynyň başga bir bölüminde ot açyşlygyň bes edilmegi we Gazanyň ýeňşini garşylygyň aman galjakdygy baradaky çaklamanyň durmuşa geçirilmeginiň aýdyň alamaty diýip atlandyrdylar we dünýäniň gözüniň alnynda bolup geçýän zatlar, Amerika ýaly ullakan söweş maşynynyň, adam düşünjelerini äsgermezlik edip, rehimsiz we ganhor sionist režime güýçli we howply bombalary berýändigi baradaky mif ýalydyr, we şol rehimsiz režim 15,000 çagany öýlerinde we hassahanalarynda bombalady, ýöne maksatlaryna ýetip bilmedi diýip açyklap aýtdylar.
Hezretleri şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň desgalary we mümkinçilikleri bolmadyk bolsa, sionist režimiň ilkinji hepdelerde dyza çökjekdigini nygtamak bilen, Sionist režimi bir ýyl we birnäçe aýyň içinde Gaza ýaly kiçijik bir sebitde mümkin boldugyça köp jenaýat etdi we öýleri, hassahanalary, metjitleri we ybadathanalary bombalady ýöne ahyrynda diňe bir betbagt we ýüzy gara lideriniň öňde goýan maksadyna (Hamasy ýok etmek we Gazany garşylyksyz dolandyrmak) ýetmäni, Hamas bilen gepleşik stolunda oturyp, ot açyşlygyň bes edilmek şertlerini kabul etmeli boldy diýdiler.
Hezreti Aýatolla Hameneýi, Gaza wakasyndaky garşylygyň janlylygyny we ýeňşini garşylyk ýagdaýynda ylahy ýeňiş däbiniň berjaý edilmeginiň mysaly diýip atlandyrmak bilen, Hudaýyň gowy bendeleriniň garşylygy nirede bolsa, ýeňiş hökman bolar diýip sözlerine goşdylar.