Arakçi: Eýran bilen Owganystanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary giňeltmeli
Eýranyň Daşary işler ministri Owganystanyň Daşary işler ministri wezipesini ýerine ýetirýän bilen bolan duşuşygynda iki ýurdy çuňňur taryhy we medeni geçmişe eýe bolýan ýurtlar hasaplady.
IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Arakçi Owganystanyň Daşary işler ministri wezipesini ýerine ýetirýän Amir Han Mottaqi bilen duşuşyp, iki ýurduň dost, dogan we musulman bolandygyny aýtmak bilen, Eýran bilen Owganystanyň biri-biri bilen örän çuňňur taryhy we medeni gatnaşyklary bar we taryhyň dowamynda elmydama gowy gatnaşyklarymyz bardy diýip nygtady.
Arakçi sözüniň dowamynda Eýran bilen Owganystanyň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklary gaty gowy derejededir we bu sapar iki ýurduň we halkyň milli bähbitleri üçin gatnaşyklary hasam giňelder we has köp medeni gatnaşyklar gurlar we giňelder diýip umyt edýärin diýdi.
Owganystanyň Daşary işler ministri wezipesini ýerine ýetirýän hem bu duşuşykda Eýranyň wekiliýetini garşy aldy we Eýranyň Daşary işler ministriniň saparynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň derejesini ýokarlandyrjakdygyna umyt bildirdi.
Mottaqi şeýle-de Eýran bilen Owganystan iki goňşy we musulman ýurt we hemişe birek-biregiň şatlyklaryna we gynançlaryna gatnaşýarlar diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Araqçi Owganystanyň dolandyryş edarasynyň jogapkärlei bilen gepleşikler geçirmek üçin Kabula gitdi.