Eslami: Ýewropa taraplary Eýrana garşy sanksiýalary ýatyrmagyň biziň ygtyýarymyzda däldigini aýtdylar
Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy, Eýran bilen Ýewropanyň arasyndaky gepleşikler barada beren gürrüňlerinde, Ýewropa tarapynyň aýdýanlarynyň manysy, sanksiýalaryň elimizde däldigi, olarda hiç hili rolumyz ýok we bu mesele ABŞ-nyň elinde bolýandygydyr diýdiler.
Pars Today -iň habaryna görä, Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy Muhammet Eslami telewideniýede beren interwýusynda, Ýewropaly gepleşik geçirýän ýurtlar Amerikalylaryň näme edýändigine garaşmalydyrys we şoňa esaslanyp karar berip bileris diýýärler diýdi.
Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy ýadro şertnamasynyň beýleki tarapy gysga möhletden başga borçnamalaryny ýerine ýetirmedi diýdi. Bu döwürde Günbatar gol çeken şertnamasyny ýerine ýetirmedi we ABŞ-nyň ýadro ylalaşykdan çykmagy we ondan soňky wakalar bilen Eýran ýadro şertnamanyň 26-njy we 36-njy maddalarynyň düzgünlerine esaslanyp öz borçlaryny ýerine ýetirmegi bes etdi.
Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy, Ýewropaly diplomatlaryň Eýranyň täze ýadro şertnamasy gözleýändigini yglan edendigi baradaky soraga jogap hökmünde, Eýranyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň üç Ýewropa döwleti bilen geçiren geňeşmeleri hakykatdanam gepleşikleri dowam etdirmek üçin gepleşikler boldy diýdi. Bu gepleşikler deslapky bolup, taraplaryň gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardygyny bahalandyrmagy maksat edinýär.
Eslami şeýle-de möhüm zat, Günbataryň howplar dilini ulanmagydyr we IAEA-nyň Baş müdirine Eýranyň Dolandyryş Geňeşinde bu meseläni gaýtadan gozgamak üçin giňişleýin hasabat taýýarlamagy tabşyrdy.