Eýran basyş astynda gepleşikleri kabul etmeýär
Eýranyň Daşary işler ministrligi Eýran Yslam Respublikasynyň basyş astynda gepleşikleri kabul etmeýändigini belläp, Eýran prinsipial çemeleşmesini dowam etdirip, ýadro meselesi ýaly dürli meselelere diplomatik çözgüt tapmagy elmydama goldaýar diýdi.
Pars Today -iň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň prezidenti Donald Trumpyň milli howpsuzlyk ýatlamasyna beren beýanatynda şeýle jogap berdi: 2025-nji ýylyň 4-nji fewralynda ABŞ-nyň prezidenti "Prezidentiň milli howpsuzlyk memorandumy" gol çekip, Eýran halkyna garşy "iň ýokary basyş" syýasatynyň dikeldilmegini buýurdy.
Eýranyň Daşary işler ministrligi şeýle-de ABŞ hökümeti iň ýokary basyşy dikeldýändigini öňe sürýär, ýöne şu gün çenli gaýtadan dikeldilmeli bolar ýaly iň ýokary basyş hiç wagt saklanmady؛ ABŞ-nyň ozalky administrasiýasy geçmişde Eýrana garşy girizilen sanksiýalaryň hiç birini-de ýatyrmady we öz boýun almagy bilen ozalkylara ýüzlerçe sanksiýa goşdy diýip yglan etdi.
Eýranyň Daşary işler ministrligi şeýle-de Eýran Yslam Respublikasy iň ýokary basyşa iň ýokary garşylyk görkezýändigini belläp hiç bir ýurduň adalatsyz basyşlara we bikanun sanksiýalara sezewar edilmeli däldigine berk ynanýar diýip nygtady.
Yslam rewolýusiýasynyň lideri Hezretleri Aýatolla Hameneý, taryhy "tejribä" we ABŞ-nyň hökümetiniň iş ýazgylaryna daýanmak bilen, häzirki şertlerde amerikalylar bilen gepleşikleri "rasionalizme, akyl we mertebe" ters hasapladylar.