Yslam rewolýusiýasynyň lideri: Goňşular bilen gatnaşyklary giňeltmek Eýranyň kesgitli syýasatydyr
(last modified Wed, 19 Feb 2025 16:55:24 GMT )
Feb 19, 2025 21:55 Asia/Ashgabat
  • Yslam rewolýusiýasynyň lideri: Goňşular bilen gatnaşyklary giňeltmek Eýranyň kesgitli syýasatydyr

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Goňşular bilen gatnaşyklary giňeltmek Eýran Yslam Respublikasynyň kesgitli syýasatydyr diýip beýan etdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň lideri edarasynyň maglumat web sahypasyna görä, Yslam rewolýusiýasynyň lideri Hezretleri Aýatolla Hameneý çarşenbe güni Kataryň emiri Şeýh Tamim bin Hamad bin Halifa Al Tani we oňa gatnaşýan delegasiýa bilen bolan duşuşygynda, Eýran hökümetiniň yglan edilen syýasatlaryndan biri goňşulary bilen gatnaşyklary giňeltmek we Hudaýyň merhemeti bilen bu ugurda gowy işler edildi we käbir öňegidişlikler gazanyldy diýip yglan etdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň lideri, Eýran we Kataryň resmileriniň Tähranda baglaşan şertnamalarynyň iki ýurda-da peýdaly boljakdygyna we iki tarapyň hem goňşuçylyk borçlaryny öňkülerinden has köp ýerine ýetirip biljekdigine umyt bildirdiler.

Hezretleri Aýatolla Hameneýi Kataryň emiriniň sebit meseleleri baradaky sözlerine hem ünsi çekip, Eýran Yslam Respublikasy Katary dost we dogan ýurt hasaplaýar şeýle-de bolsa, Günorta Koreýadan Katara geçirilen Eýranyň talaplarynyň yzyna gaýtarylmagy ýaly çözülmedik we düşnüksiz meseleler bar we bu meselede gazanylan şertnamanyň durmuşa geçirilmegine esasy päsgelçilik ABŞ döwletidir diýip aýdyp geçdiler.

Kataryň emiri Şeýh Tamim bin Hamad bin Halifa Al Tani hem Yslam rewolýusiýasynyň lideri bilen duşuşmakdan hoşaldygyny aýtdy we Yslam respublikasynyň dünýäniň ezilen halkyna we Palestina halkyna goldaw bermekdäki pozisiýasyna ýokary baha berdi.

Kataryň emiri Yslam rewolýusiýasynyň liderine ýüzlenip: Alyhezretiňiziň Palestina halky bilen bir hatarda durmagy hiç haçan ýatdan çykarylmaz diýdi.