Pezeşkian: Katar bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin gowy kararlar berdik
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Kataryň emiri bilen maslahatlaşyp, gatnaşyklary çuňlaşdyrmak we hyzmatdaşlygyň täze ýollaryny açmak üçin gowy kararlar berdik diýdi.
Pars Today -iň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Masud Pezeşkian çarşenbe güni Kataryň emiri Şeýh Tamim bin Hamad bin Halifa Al Tani bilen bilelikdäki duşuşykda, Eýran bilen Kataryň resmileriniň arasyndaky üznüksiz duşuşyklar sebitiň we halkara meselelerinde iki ýurduň arasynda emele gelen berk taryhy, medeni we ykdysady gatnaşyklary we ýakyn perspektiwalary görkezýär diýdi.
Bu duşuşykda Pezeşkian goňşy ýurtlar we sebit bilen syýasy, ykdysady, medeni, harby we howpsuzlyk ýaly ähli ugurlarda gatnaşyklary berkitmek we ösdürmek meselesini Eýran Yslam Respublikasynyň hökümetiniň esasy syýasatlaryndan biridip belläp geçdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Kataryň hökümetiniň aýratyn pozisiýasyna eýedigini mälim etmek bilen ikitaraplaýyn meseleler barada we iki ýurduň bähbitlerini üpjün etmek üçin gatnaşyklary ösdürmek we çuňlaşdyrmak we hyzmatdaşlygyň täze ýollaryny açmak üçin gowy kararlar berdik diýdi.
Pezeşkian şeýle-de Sebitiň ýurtlary sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek üçin oňat goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak we konstruktiw täsirleşmek esasynda çäreleri görüp biler we bilelikdäki hyzmatdaşlygyň çarçuwasyny döretmäge ýol açar diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Siriýanyň territorial bitewiligini we özygtyýarlylygyny gorap saklamagy we ähli Siriýa halkynyň öz ykbalyny kesgitlemäge gatnaşmagyny nygtady.
Pezeşkian şeýle hem Yslam ýurtlarynyň Gazanyň halkynyň çekýän azaplaryny azaltmak, sionist režimiň palestina halkyna garşy eden jenaýatlaryny duruzmak we jenaýatçylaryň hereketlerini yzarlamak üçin has yzygiderli çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny aýtdy.