Aragçi: Garşylykdaky şehitleriň jaýlanyşy garşylygyň diridigini görkezýär
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri garşylykdaky şehitleriň (şehitler Seýid Hasan Nasrollah we Seýid Haşim Safi al-Din) jaýlanyşy garşylygyň we Hizbullanyň diridigini görkezýär diýdi.
Pars Today -iň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi ýekşenbe güni irden şehitler Seýid Hasan Nasrollah we Seýid Haşem Safi al-Diniň jaýlanyşyna gatnaşmak üçin Beýrut howa menziline geleny soň žurnalistler bilen geçiren söhbetdeşlikde, bu şehitleriň jaýlanyşy şu gün garşylygyň we Hizbullanyň diridigini we öz işine we beýik maksatlaryna wepalydygyny we Hudaý islese garşylyk ýoly dowam etjekdigini görkezýär diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň bu ýokary derejeli diplomaty şeýle hem garşylyk şu wagta çenli köp ýeňiş gazanşy ýaly, Hudaý islese, soňky ýeňişe hem ýeter diýip beýan etdi.
Eýranyň Daşary işler ministri sözüni şeýle dowam etdirdi: Şu gün, Eýranyň hökümetiniň we halkynyň adyndan Yslam garşylygynyň iki gahrymany we Liwanyň iň arassa ogullarynyň jaýlanyş dabarasyna gatnaşmak üçin Beýrut şäherine geldim.
Aragçi şeýle hem sözüniň dowamynda Liwan halky bilen birlikde köp sanly eýranly hem bu dabara gatnaşmaga gyzyklandy diýip yglan etdi.