Tähranda Eýranyň we Russiýanyň Daşary işler ministrleriniň arasynda duşuşyk geçirildi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i26262-tähranda_eýranyň_we_russiýanyň_daşary_işler_ministrleriniň_arasynda_duşuşyk_geçirildi
Eýranyň we Russiýanyň Daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn meseleler we iň möhüm sebit we halkara meseleler boýunça duşuşdy we ara alyp maslahatlaşdylar.
(last modified 2025-02-25T09:56:41+00:00 )
Feb 25, 2025 14:56 Asia/Ashgabat
  • Tähranda Eýranyň we Russiýanyň Daşary işler ministrleriniň arasynda duşuşyk geçirildi

Eýranyň we Russiýanyň Daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn meseleler we iň möhüm sebit we halkara meseleler boýunça duşuşdy we ara alyp maslahatlaşdylar.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow sişenbe güni bir günlük sapar üçin ýokary derejeli syýasy wekiliýetiň başynda Eýrana geldi.

IRNA-nyň habaryna görä, Tährana sapar eden Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklar we iň möhüm sebit we halkara meseleler barada pikir alyşdy.

Eýranyň Russiýadaky ilçisi Kazem Jalali Russiýanyň Daşary işler ministriniň Eýrana eden saparynyň ähmiýeti we maksatlary barada durup geçip, ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara gatnaşyklardaky dürli meseleler ara alnyp maslahatlaşylar diýdi.

Bu aralykda, Russiýanyň Daşary işler ministrligi bu ýurduň Daşary işler ministriniň Tährana eden saparyna yşarat edip, bu saparyň möhümdigini aýtdy we ýurduň Daşary işler ministri bilen Eýranyň Daşary işler ministriniň arasyndaky söhbetdeşlik temalary barada aşakdakylary yglan edip, taraplaryň Siriýadaky, Günorta Kawkazdaky, Owganystandaky, Ýemendäki, Pars aýlag sebtindäki ýagdaýlar, Günbatar Aziýa meseleleriniň çözülmegi, Hazar deňzi bilen baglanyşykly meseleler we Eýranyň ýadro programmasy boýunça bilelikdäki giňişleýin hereket meýilnamasy bilen baglanyşykly käbir möhüm halkara meseleleri boýunça pikir alyşmagyna garaşylýar diýdi.