Yslam rewolýusiýasynyň lideri: Milli agaç ekmek hereketine çynlakaý garamaly we dowam etmeli
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri agaç ekmek güni bilen zamandaş üç nahal oturtdylar.
Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň edarasynyň maglumat web sahypasyna görä, Aýatolla Hameneýi Hezretleri bu nahallary oturtandan soň, agaç nahallaryny oturtmagy girdejili, geljeg garamak we girdeji getirýän bir iş hasaplapdyr we Şahid Raisiniň hökümeti döwründe geçen ýyl başlanan milli agaç nahallaryna çynlakaý üns bermelidigini aýtmak bilen, ähli adamlar agaç ekmek meselesine dogry we ýagşy iş hökmünde gatnaşmalydyrlar, şonuň üçin agaçlaryň sanyny köpeltmek bilen ýaşaýyş gurşawy we ýaşaýyş täze we arassa bolar diýdiler.
Yslam rewolýusiýasynyň lideri her ýyl nahal oturtmak işini simwoliki hereket hasaplamak bilen, agaç ekmegiň diňe bir ýaşlar üçin däldigini, dürli ýaşdaky adamlaryň hemmesiniň bu möhüm, beýik, zerur we owadan iş üçin höwes tapmalydygyny ýatlatdylar.
Hezreti Aýatolla Hameneýi şeýle hem agaç nahallarynyň dürli ýollar bilen girdejili maýa goýumdygyny we baýlyk getirýändigini aýtmak bilen islendik sebäplere görä agaç ekmek, miweli agaçlaryň miwelerinden peýdalanmak ýa-da gymmatly agaçlaryň agaçlaryndan peýdalanmak bolsun, ýitgisiz doly girdeji getirýär diýdiler.
Hezretleri agaçlary we meýdanlary howanyň saglygyndaky faktorlar hasaplamak bilen onuň daşky gurşawa möhümdigini belläp, agaçlar we ösümlikler howany gowulaşdyrmakdan başga-da ýaşaýyş gurşawyny we daşky gurşawy täzeleýär we adamlaryň ruhuny täzeleýär, sebäbi agaçlar we ösümlikler göz we ýürege ýakymlydyrlar diýip beýan etdiler.
Yslam Rewolýusiýasynyň lideri, şehit Raisiniň döwründe başlanan milli agaç nahallaryny ekmek meselesine çynlakaý çemeleşmegiň zerurdygyny aýtmak bilen geçen ýyl başlanan we häzirem dowam edýän bu meýilnama, dört ýylda bir milliard agaç ekmegiň mümkindigini we döwlet edaralarynyň bu meselede adamlara kömek etmelidigini görkezýär diýdiler.
Aýatolla Hameneýi Hezretleri şeýle-de agaçlaryň kesilmegi we onuň ekerançylyk ýerlere öwrürlmegi barada duýduryş berip, tehniki we zerur ýagdaýlardan başga agaçlary kesmek zyýanly we howplydygyny aýdyp tokaýlaryň weýran bolmagynyň we oba hojalyk ýerlere öwrülmeginiň öňüni almalydyr diýip sözlerine goşdylar.
Eýranda, 5-nji martdan 12-nji mart aralygynda (15-nji Esfandden 22-nji Esfand çenli) "Tebigy baýlyklar hepdeligi" hökmünde bellendi, bu hepdäniň ilkinji güni (6-njy mart) agaç ekmek günidir.