Eýranyň Dolandyryjylar geňeşindäki ilçisi: 21-nji asyryň ajy geň tarapy, Ysraýyl režiminiň ýarag ýaýratmazlyk barada gürlemegidir
Eýranyň Dolandyryjylar geňeşindäki ilçisi, Sionist režimiň wekiliniň Dolandyryjylar geňeşiniň mejlisinde eden çykyşyna we aýyplamalaryna jogap edip 21-nji asyryň ajy geň tarapy, Ysraýyl režiminiň ýarag ýaýratmazlyk barada gürlemegidir diýdi.
Pars Today habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň ilçisi we Wenada ýerleşýän halkara guramalarynyň hemişelik wekili Mohsen Naziri-Asl Ysraýyl režiminiň soňky 15 aýda Gazada giňden ýaýran öldürmelerine ünsi çekdi we bu zolakdaky gumanitar krizisi genosidiň we adamzada garşy jenaýatlaryň aýdyň mysaly hasaplady.
Naziri Asl şeýle-de 21-nji asyryň ajy geň tarapy, köpçülikleýin gyryş ýaraglary baradaky şertnama goşulmadyk we ýüzlerçe ýadro ýaragyna eýe bolan Ysraýyl režimeiniň, bu guramada, ýarag ýaýratmazlyk şertnamasynyň bir agzasynyň halkara kadalaryna boýun bolmagy barada gürleýänligidir diýdi.
Halkara atom energiýasy gullugynyň Dolandyryjylar geňeşiniň çärýekleýin ýygnagy 2025-nji ýylyň 3-nji martynda Wenada başlandy. Howpsuzlyk Giňişleýin Ylalaşygy we Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji karary boýunça Eýranyň ýadro işlerini barlamak, bu mejlisiň gün tertibindedir.