Galibaf: Müňlerçe ýyllyk Nowruz däbi sebit ýurtlarynyň raýdaşlygynyň we umumy ideallarynyň nyşanydyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i26338-galibaf_müňlerçe_ýyllyk_nowruz_däbi_sebit_ýurtlarynyň_raýdaşlygynyň_we_umumy_ideallarynyň_nyşanydyr
Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy siwilizasiýa ýurtlaryndaky kärdeşlerini Nowruz baýramy bilen gutlamak bilen müňlerçe ýyllyk Nowruz dessury sebit ýurtlarynyň raýdaşlygynyň we umumy ideallarynyň nyşanydyr diýdi.
(last modified 2025-03-19T05:43:47+00:00 )
Mar 19, 2025 10:43 Asia/Ashgabat
  • Galibaf: Müňlerçe ýyllyk Nowruz däbi sebit ýurtlarynyň raýdaşlygynyň we umumy ideallarynyň nyşanydyr

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy siwilizasiýa ýurtlaryndaky kärdeşlerini Nowruz baýramy bilen gutlamak bilen müňlerçe ýyllyk Nowruz dessury sebit ýurtlarynyň raýdaşlygynyň we umumy ideallarynyň nyşanydyr diýdi.

Nowruz, Eýranly kökleri bolan gadymy baýramçylyk, Şemsi täze ýylynyň başynda köp ýurtda bellenilip geçilýär.

Pars Today habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Yslam Yslam Şura Mejlisiniň başlygy Muhammet Bager Galibaf, Nowruz siwilizasiýasy ýurtlary, şol sanda Türkiýe, Azerbaýjan Respublikasy, Täjigistan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Gazagystan, Türkmenistan, Päkistan, Yrak we Hindistan ýaly kärdeşlerine aýratyn hat iberip 1404 Hejri-Şämsi ýylyň Nowruz baýramynyň gelmegini gutlady.

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygynyň sargydynyň tekstinde şeýle-de getirilipdir, gadymy Nowruz baýramy mynasybetli bu baýramy Alyhezretiňize, Mejlisiň agzalaryna, hökümetine we ýurduňyzyň halkyna tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Şeýle hem bu sargytda, tebigatyň bahary Guranyň çeşmesine gabat gelip, ylahy şöhratyň we gözelligiň ýüze çykandygyny aýan edensoň, dostlugy täzelemäge, rehimdarlygy giňeltmäge we Nowruz sebitiniň ýurtlarynyň arasyndaky ýakynlygy berkitmäge mümkinçilik döredildi diýip getirilendir.

Mejlisiň başlygy gutlag ýüzlenmesinde Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň sebitleýin howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak we gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek, esasanam ykdysady, syýasy we medeni ugurlarda goňşular bilen islendik hyzmatdaşlygy we parlament maslahatyny goldaýandygyny aýtdy.