Russiýanyň Daşary işler ministriniň Nowruz mynasybetli Eýranyň Daşary işler ministrine gutlag haty
Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçä ýüzlenip, Nowruzyň gelmegi we Täze ýyl bilen gutlady.
Pars Today -iň habaryna görä, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow çarşenbe güni Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçä iberen hatynda, Tähran-Moskwa gatnaşyklarynyň gowulaşmagyna, 1403-nji ýylda Eýran bilen Russiýanyň arasynda toplumlaýyn strategik hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekişmegine, söwda biresalarynyň çalt ösmegine we infrastruktura pudaklarynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine salgylanyp, halkara we sebit gün tertibindäki möhüm meseleler boýunça taraplaryň arasynda ýakyn geňeşmeleriň we utgaşdyrmagyň, şeýle hem iki ýurduň ýokary derejesinde gazanylan şertnamalary durmuşa geçirmek üçin taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze ýylda dowam etjekdigine umyt bildirdi.
Birleşen Milletler Guramasy, 2010-njy ýylyň 23-nji fewralynda Eýran Yslam Respublikasynyň we Nowruz bilen baglanyşykly beýleki ýurtlaryň inisiatiwasy bilen teklip edilen karar arkaly her ýylyň 21-nji martyny "Halkara Nowruz güni" diýip kesgitledi we ýurtlary dürli dabaralar geçirmek arkaly bu dabarany bellemäge we wagyz etmäge çagyrdy.