Admiral Saýýari: Islendik agressory jezalandyrarys
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i26346-admiral_saýýari_islendik_agressory_jezalandyrarys
Eýran Yslam Respublikasynyň goşunynyň koordinatorynyň orunbasary islendik agressoryň jezalandyrjakdygyny mälim etmek bilen ýurduň goranmak we öňüni alyş mümkinçiliklerini güýçlendirmek goşunyň geljek ýyl üçin iň möhüm meselesi diýdi.
(last modified 2025-03-19T12:33:32+00:00 )
Mar 19, 2025 17:33 Asia/Ashgabat
  • Admiral Saýýari: Islendik agressory jezalandyrarys

Eýran Yslam Respublikasynyň goşunynyň koordinatorynyň orunbasary islendik agressoryň jezalandyrjakdygyny mälim etmek bilen ýurduň goranmak we öňüni alyş mümkinçiliklerini güýçlendirmek goşunyň geljek ýyl üçin iň möhüm meselesi diýdi.

Pars Today habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň goşunynyň koordinatorynyň orunbasary, admiral Habibollah Saýýari, şu gün, çarşenbe güni beren interwýusynda, Eýran goşunynyň duşman howplaryna garşy durmak ukybyna yşarat edip, Yslam Eýrana garşy haýsydyr bir çäre görülse, basybalyjylary jezalandyrarys diýdi.

Admiral Saýýari güýçli enjamlaryň bolmagynyň zerurdygyny bellemek bilen, Yslam ynkylaby ýeňiş gazanany bäri duşmanlaryň giňden sanksiýalaryna garamazdan, Yslam respublikasynyň goşuny ýurdy goramak üçin zerur enjamlara eýe bolandyr diýip aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň goşunynyň utgaşdyryjysynyň orunbasary şeýle-de biliş söweşi we pilotsyz uçarlar, elektronika we kiber ýaly ýumşak, gaty we häzirki zaman söweşleriniň dürli görnüşlerine üns berildi we biz bu ugurlarda öňegidişlik gazandyk diýdi.