Aýatolla Sedigi: Önümçilige maýa goýum ýurduň gülläp ösmegine we ösüşine alyp barýar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i26352-aýatolla_sedigi_Önümçilige_maýa_goýum_ýurduň_gülläp_ösmegine_we_ösüşine_alyp_barýar
Tähranyň wagtlaýyn juma namazynyň ymamy häzirki wagtda önümçiligiň adamlaryň durmuşy üçin abadançylygyň okydygyny we abadançylyga, ösüşe we işe alyp barýandygyny aýtmak bilen hökümet güýçli hünärmenler bilen halka elýeterli bolan maýany özüne çekmegiň ýoluny ýeňilleşdirmelidir diýdi.
(last modified 2025-03-21T07:42:44+00:00 )
Mar 21, 2025 12:42 Asia/Ashgabat
  • Aýatolla Sedigi: Önümçilige maýa goýum ýurduň gülläp ösmegine we ösüşine alyp barýar

Tähranyň wagtlaýyn juma namazynyň ymamy häzirki wagtda önümçiligiň adamlaryň durmuşy üçin abadançylygyň okydygyny we abadançylyga, ösüşe we işe alyp barýandygyny aýtmak bilen hökümet güýçli hünärmenler bilen halka elýeterli bolan maýany özüne çekmegiň ýoluny ýeňilleşdirmelidir diýdi.

Pars Tody-iň habaryna görä, Aýatolla Kazem Sedigi, şu gün Tähranda juma namazynyň ikinji wagzynda, Ynkylap lideri tarapyndan ýylyň şygaryny saýlamaga ünsi çekip, Ýolbaşçy şu ýylky şygary "Önümçilige maýa goýum" diýip saýladylar, bu paýhasly we alym adamyň sözleri şygarlar dälde, gazanylan netijeler, Ynkylap lideri ýylyň başynda hökümetiň we milletiň borjuny maslahat berýärler, we tutuş halkyň söýgüsini gazanan ata ýaly, gije-gündiz doga edýär we hiç wagt ýatdan çykarmaýarlar diýdi.

Aýatollah Sedigi şeýle-de häzirki wagtda önümçilik, halkyň durmuşy üçin gülläp ösmegiň oky bolup durýar, bu bolsa ýurduň gülläp ösmegine we ösüşine sebäp bolar, önümçiligiň zerurlygy maýa goýumdyr we maýa goýumlarynyň talaplary bar, şolaryň biri hökümetiň meýilnamasydyr diýdi.

Ol şeýle-de hökümetiň maýadarlary özüne çekmelidigine ünsi çekip maýa goýumçylary bu ýere maýa goýsa has gowudygyny bilmelidirler diýdi.

Tähranda wagtlaýyn juma namazyň ymamy Gadryň fazyletleri barada gürrüň berip Gadr, Guranyň inen gijesi we dogalaryň kabul boljak gijesidir, bu gije ýüregimizi arassalamaly we bu beýik gijäni gadyrlamalydyrys diýdi.

Aýatollah Sedigi şeýle-de Ynkylap lideriniň halk bilen duşuşygynda aýdan iň möhüm, öwrediji we täsirli sözlerine salgylanyp, Ynkylap lideriniň şu günki möhüm maslahatlaryndan biri doga okamakdy, Gurany kerimde doga gaty möhümdir we Taňrynyň jogabyny getirýär diýip beýan etdi.

Tähranda wagtlaýyn juma namazynyň hatyby şeýle hem şu gün ähli ganhorlukdan we gan döküşikden Hudaýdan gaçybatalga alýandygymyzy we Hudaýdan bize pena bermegini soraýandygymyzy aýtdy.