Aragçi: Türkiýanyň özgerişleri bu ýurdyň içerki meselesidir
(last modified Tue, 25 Mar 2025 10:35:09 GMT )
Mar 25, 2025 15:35 Asia/Ashgabat
  • Aragçi: Türkiýanyň özgerişleri bu ýurdyň içerki meselesidir

Eýranyň Daşary işler ministri Türkiýanyň içerki özgerişlerini bu ýurduň içerki meselesi hökmünde häsiýetlendirdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi we Türkiýäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan telefon arkaly söhbetdeşlikde sebit we halkara wakalar barada pikir alyşdylar.

Pars Today -iň habaryna görä, Aragçi Türkiýedäki içerki wakalara salgylanyp, Eýran Yslam Respublikasynyň prinsipial pozisiýasyna ünsi çekdi we Türkiýedäki wakalar bu ýurduň içerki meselesi we Türkiýedäki ygtyýarly edaralaryň bu özgerişleri türk milletiniň bähbitlerine esaslanyp dolandyrjakdygyna ynanýarys diýdi.

Aragçi Sionist režimiň Gaza we Liwana garşy ýaraşyk şertnamalaryny gödek bozmak bilen eden jenaýatlaryny we çozuşlaryny ýazgaryp, basyp alyjy režimiň jenaýatlaryny duruzmak üçin halkara jemgyýetçiligini, esasanam yslam we sebit ýurtlaryny gyssagly çäre görmäge çagyrdy.

Şeýle hem ol, ABŞ-nyň Ýemene garşy guran howa hüjümlerini ýazgardy we Yslam ýurtlaryna garşy agressiýanyň we sebitdäki howpyň we durnuksyzlygyň ýokarlanmagynyň öňüni almak üçin sebit ýurtlarynyň arasynda has köp hyzmatdaşlygyň we utgaşdyrmagyň möhümdigini aýtdy.

Bu telefon söhbetdeşliginde Hakan Fidan hem Eýranyň Daşary işler ministrini Nowruz we Täze ýyl bilen gutlady we Türkiýäniň sebit we halkara meselelerine diplomatik çözgüt tapmaga kömek bermäge taýýardygyny aýtdy.