Sionist režimiň doly ýok edilmegi Kudusyň ýolundaky ähli mujahitleriň maksadydyr
(last modified Thu, 27 Mar 2025 10:45:33 GMT )
Mar 27, 2025 15:45 Asia/Ashgabat
  • Sionist režimiň doly ýok edilmegi Kudusyň ýolundaky ähli mujahitleriň maksadydyr

Eýranyň Goranmak ministrligi Halkara Kuds güni mynasybetli eden çykyşynda: Sionist režimiň doly ýok edilmegi Kuds ýolunyň ähli mujahidleriniň maksady diýdi.

Pars Today -iň habaryna görä, Eýranyň Goranmak ministrliginiň beýanynda Halkara Kuds gününiň, dogry bilen ýalňyşlygyň we adalatyň süteme birek birege garşy durmagyny aňladýandygy aýdylýar.

Beýanatda mukaddes Remezan aýynyň soňky anna gününi Halkara Kuds güni diýip atlandyrmak Eýran Yslam Respublikasyny esaslandyryjysy Ymam Homeýniniň (Alla oňa rahmet etsin) inisiatiwasyny we paýhasyny görkezýändigi mälim edýär we bu, häzirki wagtda gözegçilik edilmedik we köp sanly söweş jenaýatlary we genosid bilen ähli gyzyl çyzyklardan geçen çaga öldürýän režiminiň erbetligine çuňňur düşünýändiklerini görkezýär.

Yslam Ynkylapyň Sepah Pasdarany hem, tutuş Eýran halkyny Halkara Kuds güni ýörişine giň we ajaýyp gatnaşmaga çagyrdy we Kuds güni yslam milletiniň agzybirliginiň, basyp alyşlyga we adam hukuklarynyň bozulmagyna garşylygyň nyşany we dünýäniň oýanan wyjdanlary üçin uly synagdygyny aýtdy.

Yslam Ynkylapyň Sepah Pasdarany şu gün, penşenbe güni Halkara Kuds gününiň öňüsyrasynda beýannama berip mukaddes Remezan aýynyň soňky anna gününden 47 ýyl geçip," Halkara Kuds güni "hökmünde bellendi we indi Palestina meselesi yslam we arap meselesi däl-de, eýsem global mesele boldy diýip yglan etdi.

Ertir, 2025-nji ýylyň 28-nji marty, 1446-njy Remezan aýynyň 27-si, Halkara Kuds güni bilen gabat gelýär.

Mukaddes Remezan aýynyň soňky anna güni, Eýran Yslam Respublikasynyň düýbüni tutujy Ymam Homeýniniň (RA) başlangyjy bilen Halkara Kuds güni diýlip atlandyryldy.