Aragçi: Palestina meselesini ýatdan çykaryp bolmaz
Eýranyň Daşary işler ministri Bütindünýä Kuds güni dabarasynda Palestina meselesini ýatdan çykaryp bolmajakdygyny aýtdy.
Pars Today habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi Bütindünýä Kuds güni dabarasyna halkyň giňgerimli gatnaşmaklaryna ýokary baha berdi.
IRNA-nyň habaryna görä, Aragçi özüniň Instagram sahypasynda Bütindünýä Kuds güni dabarasyna gatnaşýandygy barada agzap şu gün, Eýranyň asylly halky bilen bilelikde Bütindünýä Kuds güni ýörişine gatnaşdym diýip ýazypdyr.
Eýranyň Daşary işler ministri sözüniň dowamynda bu ajaýyp dabara gatnaşan jemgyýet süteme garşy ruhy we eýranlylaryň soňky bir ýylda sebitdäki wakalara duýgurlygyna düşünişi gowy görkezilýär diýdi.
Aragçi sözüni dowam etdirip bu ýagdaýy bilýän adamlara minnetdar bolmaly, sebäbi olar güýç çeşmesidirler we ýurt üçin goranmagyň iň ýokary görnüşidirler. Eýranyň Daşary işler ministri şeýle-de Palestina meselesini ýatdan çykaryp bolmaz diýdi.