Eýranyň Daşary işler ministri: Eýran hiç hili ýagdaýda ýadro ýaragyny edinmek islemeýär
(last modified Wed, 02 Apr 2025 07:26:52 GMT )
Apr 02, 2025 12:26 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Daşary işler ministri: Eýran hiç hili ýagdaýda ýadro ýaragyny edinmek islemeýär

Eýranyň Daşary işler ministri, Eýran Yslam Respublikasynyň hiç hili ýagdaýda ýadro ýaragyny gözlemek, öndürmek ýa-da edinmek islemeýändigini aýtdy.

Pars Today -iň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi twit ýazyp: ABŞ-nyň prezidenti 2015-nji ýyldaky ýadro şertnamasy bilen gyzyklanmazlygy mümkin; emma bu şertnamada Eýranyň esasy borçnamasy bar, hatda şertnamadan ýüz öwüren Waşington hem ondan peýdalandy diýdi.

Ýadro şertnamasyna gol çekilenden on ýyl soň we ABŞ birtaraplaýyn tertipden çekilenden 7 ýyl soň, Eýranyň öz borçlaryny bozandygyny görkezýän kiçijik subutnama-da ýokdyr.

ABŞ-nyň Milli aňtaw gullugynyň müdiri Tulsi Gabbard hem muny ýakynda boýun aldy.

Diplomatik gatnaşygy geçmişde täsirli subut etdi we henizem täsirli bolup biler. ABŞ-nyň öňki administrasiýalaryna 7 trillion dollardan gowrak çykdajy eden Günbatar Aziýa sebitindäki betbagtçylykly şowsuzlyklar urşyň peýdasyzdygyny ýeterlik derejede habar berýär.