Aragçi: Gepleşikleriň birinji tapgyry konstruktiw boldy
Omanyň paýtagty Muskatda Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda gytaklaýyn gepleşikleriň birinji tapgyry tamamlanandan soň, Eýranyň Daşary işler ministri X-Net hasabynda Omanda geçirilen gepleşikleriň birinji tapgyry konstruktiw we umyt dörediji boldy diýdi.
Pars Today -iň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi ABŞ bilen gepleşikleriň birek-birege hormat goýmak şertinde geçirilendigini belläp Omanda gepleşikleriň birinji tapgyry konstruktiw we umyt dörediji boldy; iki tarap hem birnäçe günüň içinde bu işi dowam etdirmek kararyna geldi diýdi.
Müsüriň Daşary işler ministrligi Eýran Yslam Respublikasy bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Tähranyň ýadro programmasy baradaky gepleşikleriniň birinji tapgyryny garşy almak bilen sebitde ýüze çykýan çynlakaý kynçylyklary göz öňünde tutup, Omanyň syýasy we parahatçylykly çözgütleri goldamakdaky roluna ýokary baha berdi.
Yragyň Daşary işler ministrligi hem Eýran Yslam Respublikasy bilen ABŞ-nyň arasyndaky gepleşikleriň ýakyn wagtda oňyn netijelere getirjekdigine umyt bildirdi.
Yragyň Daşary işler ministrligi beýannama ýaýradyp Eýran Yslam Respublikasy bilen ABŞ-nyň arasyndaky gepleşikleriň oňyn netijeleri dartgynlygy azaltmaga we iki tarapyň arasynda ynamy artdyrmaga, sebitiň halkynyň bähbitlerine hyzmat etmäge we howpsuzlygy we parahatçylygy ýokarlandyrmaga kömek edýär diýdi.
Pars Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Baş sekretary "Jassim Muhammet Al-Badawi", Eýran Yslam Respublikasy bilen ABŞ-nyň arasyndaky gepleşikleri konstruktiw diýip atlandyrdy we bu konstruktiw gepleşikleriň oňyn netije berjekdigine umyt edýäris diýdi.