Aragçi: Stiw Witkoffyň gapma-garşy sözleri konstruktiw däldir
Eýranyň Daşary işler ministri hökümet ýygnagynyň ýanynda biz gepleşik ýygnagynda Amerikan tarapynyň hakyky garaýyşlaryndan habarly boldyk diýmek bilen Eger-de olar konstruktiw pozisiýa bilen gelseler, mümkin şertnamanyň çäginde gepleşiklere başlarys diýip umyt edýärin diýdi.
Pars Today -iň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi 27-nji Färwärdin çarşenbe güni hökümet ýygnagynyň çäginde žurnalistler bilen söhbetdeşliginde Amerikalylardan dürli pozisiýalary eşitdik, käbirleri gapma-garşy we bu gepleşikleriň dogry geçirilmegine hiç hili goşant goşmaz diýdi.
Aragçi sözüniň dowamynda, her halda gepleşik ýygnagynda Amerikan tarapynyň hakyky garaýyşlaryny öwrenmelidiris. Konstruktiw pozisiýa bilen gelseler, mümkin şertnamanyň çäginde gepleşiklere başlarys diýip umyt edýärin. Ýok bolsa we gapma-garşylykly pozisiýalar bar bolsa iş kynlaşar diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň nol baýlaşdyrmak baradaky gepleşikçisi Stiw Witkoffyň aýdan sözleri barada-da şeýle diýdi: Aýdyşym ýaly, bu döwürde gapma-garşy we garşydaş pozisiýalary eşitdik, jenap Witkoff şu wagta çenli birnäçe model barada gürledi. Hakyky pozisiýalar gepleşik stolunda kesgitlener diýip beýan etdi.
Aragçi, şeýle hem, Russiýa sapar etmek maksadynyň nämedigi baradaky soragyň jogabynda, meniň maksadym, Ýolbaşçynyň ýazmaça sargydyny Russiýanyň ýolbaşçysyna ýetirmekdi we bu sargyt Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşygynda oňa hödürlener diýip aýtdy.
Eýranyň orany baýlaşdyrmagy kabul edilen we hakyky meseledir, biz bolup biljek aladalar barada ynam döretmäge taýýardyrys, ýöne baýlaşdyrmak ýörelgesi barada gepleşik geçirip bolmaýar. Gepleşikler deň derejede we hormat goýulýan ýagdaýda geçiriler.
Eýranyň Daşary işler ministri şeýle hem gepleşikleriň dowamynda Eýrana edilýän basyş barada berilen soragyň jogabynda biziň pozisiýamyz we hereketlerimiz aýdyň diýdi. Basyş ulanyp olar hiç zada ýetip bilmezler diýdi.