Baqaýi: ABŞ-nyň Ýnemendäki hüjümleri halkara parahatçylygyna we howpsuzlygyna aç-açan howpdyr
(last modified Wed, 16 Apr 2025 12:49:56 GMT )
Apr 16, 2025 17:49 Asia/Ashgabat
  • Baqaýi: ABŞ-nyň Ýnemendäki hüjümleri halkara parahatçylygyna we howpsuzlygyna aç-açan howpdyr

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary ABŞ-nyň Ýemendäki käbir sebitlere edýän howa hüjümlerini ýazgardy.

Pars Today -iň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Esmail Bagaýi ABŞ-nyň Ýemeniň käbir sebitlerine howa hüjümlerini dowam etdirip, Ýemen raýatlarynyň şehit bolmagyna we ýaralanmagyna, adamlaryň öýleriniň we ýurduň infrastrukturasynyň weýran bolmagyna sebäp bolan hüjümleri berk ýazgardy.

Bagaýi ABŞ-nyň Ýemene garşy howa hüjümlerini bikanun we halkara hukugynyň esasy ýörelgelerini aç-açan bozmak diýip atlandyrdy we bu hüjümleriň diňe sionist režimiň basyp alnan Palestindäki genosidini dowam etdirmegine we sebitdäki howpy güýçlendirjekdigini aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, Eýran Yslam Respublikasynyň çydamly Ýemen halky bilen raýdaşlygyny bildirmek bilen olar adam borjuna esaslanyp, Palestinanyň ezilen halkyna Sionist režiminiň basyp almagyna we genosidine garşy tüýs ýürekden goldaw berýärler, indi şeýle ýagdaýda ABŞ-nyň Ýemene garşy guran harby hüjümlerini we bu ýurduň territorial bitewiligini bozmagy halkara parahatçylygyna we howpsuzlygyna aç-açan howp hökmünde häsiýetlendirdi.

Şeýle hem Bagaýi, Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň ümsümligini we hereketsizligini bes etmegi, Yslam hökümetleri we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan halkara kanunçylygynyň bozulmagyny we halkara parahatçylygynyň we howpsuzlygynyň bozulmagyny bes etmek we Ýemene garşy agressiýany ýazgarmak üçin hemmetaraplaýyn we täsirli çäre görmekligä çagyrdy.