Pezeşkian: Goşun Eýranyň hökümetiniň we milletiniň berkitmesidir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i26540-pezeşkian_goşun_eýranyň_hökümetiniň_we_milletiniň_berkitmesidir
Prezident Pezeşkian Goşun hökümetiň we milletiň berk galasy, jemgyýet üçin abraý çeşmesi, welaýat üçin bezeg, milletiň we döwletiň dosty we kömekçisidir diýdi.
(last modified 2025-04-18T11:14:02+00:00 )
Apr 18, 2025 16:14 Asia/Ashgabat
  • Pezeşkian: Goşun Eýranyň hökümetiniň we milletiniň berkitmesidir

Prezident Pezeşkian Goşun hökümetiň we milletiň berk galasy, jemgyýet üçin abraý çeşmesi, welaýat üçin bezeg, milletiň we döwletiň dosty we kömekçisidir diýdi.

Pars Today -iň habaryna görä,, Masud Pezeşkian şu gün, 1404-nji ýylyň 29-njy Farwardinde, Eýran Yslam Respublikasynyň Harby gününi hatyralamak dabarasynda eden çykyşynda güýçli we taýyn goşunyň bolmagy bilen jemgyýetiň howpsuzlygy we asudalygy mümkindir, bu bereketli güýç jemgyýetde ýok bolsa, jemgyýetimizden howpsuzlyk ýok bolardy diýdi.

Prezident Pezeşkian şeýle-de güýçli we taýýar goşunyň bolmagy Eýrana sebitdäki aragatnaşyk, parahatçylyk we asudalygy gurmak baradaky çykyşyny güýçli durmuşa geçirmäge mümkinçilik berdi diýdi.

Ol sözüniň dowamynda gadyrly doganlarymyzyň ýagny  goşunyň we harby güýçleriň, hukuk goraýjy edaralaryň we howpsuzlyk güýçleriniň kömegi bilen Eýran sebitdäki jedelsiz güýç hökmünde özüni tanatdy diýip beýan etdi.

Pezeşkian şeýle-de goşunyň orunlaryna we pozisiýalaryna salgylanyp, Yslam rewolýusiýasynyň başynda duşmanlar goşuny gowşatmaga synanyşdylar, ýöne Rewolýusiýanyň söýgüli lideriniň bolmagy sebäpli bu bolmady we goşun güýçli galdy we mukaddes goranmak uruşda ýurda 48,000-den gowrak şehit we 200,000 weteran bagyşlady.

Eýranyň Prezidenti şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň goşuny bolmadyk bolsa, duşman ýurdy basyp almaga we Yslam Rewolýusiýasyny ýok etmäge synanyşyp bilerdi, ýöne harbylaryň bolmagy duşmanlaryň ukusyny bozdy we Eýran Yslam Respublikasynyň ýaragly güýçleriniň batyr we edermen bolandyklaryna we beýle aňsatlyk bilen girip bilmeýändiklerine düşündiler diýdi.

Prezident Pezeşkian Yslam Respublikasynyň goşunynyň hyzmatlaryna ýokary baha bermek bilen bu eziz adamlaryň öz-özüni üpjün etmek ugrundaky tagallalary diňe bir goşunyň içinde däl-de ýurda buýsanç getirýändigini aýtmak bilen, tehnologiýany goşundan senagata, söwda we uniwersitetlere geçirmek hem ýurduň ösüşine we öňe gitmegine goşant goşar diýdi.