Eýranyň mejlisiniň başlygy Rim papasy Fransisiň ölümine gynanç bildirdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i26586-eýranyň_mejlisiniň_başlygy_rim_papasy_fransisiň_ölümine_gynanç_bildirdi
Eýranyň Yslam Şura mejlisiniň başlygy, dünýädäki katolik hristianlarynyň dini lideri Rim papasy Fransisiň aradan çykmagyna gynanç bildirdi.
(last modified 2025-04-22T03:59:18+00:00 )
Apr 22, 2025 08:59 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň mejlisiniň başlygy Rim papasy Fransisiň ölümine gynanç bildirdi

Eýranyň Yslam Şura mejlisiniň başlygy, dünýädäki katolik hristianlarynyň dini lideri Rim papasy Fransisiň aradan çykmagyna gynanç bildirdi.

Pars Today -iň habaryna görä, Eýranyň Yslam Şura mejlisiniň başlygy Muhammet Bager Galibaf dünýäniň katolik lideriniň aradan çykmagyna gynanç hatynda, dünýä katolik hristianlarynyň beýik ruhy şahsyýetiniň we dini ýolbaşçysy mukaddes Rim papasy Fransisiň aradan çykmagy gynanç döredýär diýdi.

Galibaf sözüniň dowamynda, ol parahatçylygy söýýän şahsyýetdi we monoteizmiň tarapdarydy, esasanam soňky ýyllarda monoteistleri we hudaýa çokunýanlary hoşniýetlilige we rehimdarlyga çagyrmak üçin köp tagalla etdi.

Eýranyň Yslam Şura mejlisiniň başlygynyň gynanç hatynda şeýle diýilýär: Rim papasy Fransisiň takwaçylygyň ýaýramagy ugrundaky reformaçy we ynsanperwerlik hereketleriň tarapdary, zorluk we uruşsyz dünýä, dinleriň arasyndaky gepleşikler we ezilenlere goldaw, şol sanda Ysraýylyň basyp alyjy režimi tarapyndan Gazanyň goragsyz halkynyň öldürilmegini ýazgarmak we bigünä palestinaly aýallaryň we çagalaryň gyrylmagyny bes etmegi isleýän şahsiýeti bardy we bu halkyň we adalat gözleýänleriň hatyrasynda baky ýadynda galar.

Dünýä katolikleriniň lideri we hakyky ady Jorge Bergoglio bolan Latyn Amerikasynyň ilkinji papasy Rim papasy Fransis, uzak keselden soň 2025-nji ýylyň 21-nji aprelinde duşenbe güni aradan çykdy.