Eýran we Täjigistan howpsuzlyk hyzmatdaşlygy resminamasyna gol çekildi
Terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga we adam söwdasyna garşy göreş ugurlarynda Eýran bilen Täjigistanyň arasynda howpsuzlyk hyzmatdaşlygy resminamasyna gol çekildi.
Pars Today -iň habaryna görä, Eýranyň içeri işler ministri Eskandar Momeni Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde bu ýurdyň içeri işler ministri Remezan Rahimzadeh bilen bolan duşuşygynda bu hyzmatdaşlyk resminamasynyň durmuşa geçirilmeginiň iki ýurtda howpsuzlygy hasam ýokarlandyrjakdygyna umyt bildirdi.
Momeni, Eýranyň we Täjigistanyň iki ýurdunyň çuňňur we uzyn medeni taryhy barada durup geçip, ykdysady we howpsuzlyk ugurlaryndan başga-da, film we seriýal önümçiligi görnüşindäki medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek, iki ýurdy medeniýet we syýahatçylyk taýdan ýakynlaşdyryp biler diýip yglan etdi.
Eýran ministri Eskandar Momeni wekiliýetiň başynda sişenbe güni bilelikdäki maksatnama gol çekmek we Täjigistan Respublikasynyň işgärleri bilen duşuşmak üçin Täjigistanyň Içeri işler ministri Remezan Rahimzadeh tarapyndan resmi garşy alynmagy bilen Täjigistanyň paýtagty Duşenbe bardy.
Eýranyň Içeri işler ministriniň Täjigistana eden sapary, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin gepleşikler we geňeşmeler geçirmek, iki ýurduň arasynda howpsuzlyk we hukuk goraýjy hyzmatdaşlyk şertnamasynyň ýerine ýetirilişine laýyklykda ýerine ýetiriji okuw meýilnamasyna gol çekmek we Täjigistanly resmiler bilen duşuşmagy maksat edinýär.
Eýran Täjigistan döwletiniň garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji ýurtlaryň arasynda bolup, Duşanbe şäherinde ilçihanasyny açan ilkinji ýurt boldy.
Täjigistan Eýran Yslam Respublikasynyň daşary syýasatynda-da ýokary orny eýeleýär we Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary "garyndaşlyk gatnaşyklary" diýip atlandyrdylar.