Aragçi: Hytaý we Russiýa Eýran Yslam Respublikasynyň strategiki hyzmatdaşlary
Hytaýyň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşmak we maslahatlaşmak üçin Pekine giden Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri, bu sapar wagtynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň sargydyny hytaý resmilerine ýetirmelidigini aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi çarşenbe güni irden Pekine barandan soň Hytaý bilen Russiýanyň iki strategiki hyzmatdaş we Eýran Yslam Respublikasynyň ýakyn dostlarydygyny we kyn şertlerde Tähranyň ýanynda bolandygyny aýtdy.
Pars Today -iň habaryna görä, Aragçi geçen hepde Russiýa eden sapary barada gürrüň gozgap, olar bilen dürli ugurlarda üznüksiz we hemişelik maslahatlaşmalarymyz tebigy zatdyr, esasanam häzirki wagtda ABŞ bilen gepleşikler meselesi gytaklaýyn ara alnyp maslahatlaşylýan wagty Hytaýdaky dostlarymyza işleriň gidişi barada doly habar bermeli we olar bilen maslahatlaşmaly diýdi.
Hytaýly kärdeşiniň resmi çakylygy boýunça Pekine giden "Aragçi", çarşenbe güni irden Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy we ýurduň birinji wise-premýeriniň "Ding Suexiang" bilen duşuşdy we gepleşik geçirdi.
Ding Suexiang, bu duşuşykda Eýran bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn giňelmegine begenýändigini aýtmak bilen iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy birek-birege ynamyň we hormatyň we iki ýurduň umumy bähbitleriniň önümi hasaplady we Hytaýyň ýolbaşçylarynyň Eýran bilen gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek islegini nygtady.