Yslam ýurtlary palestinalylary göçmäge mejbur etmek baradaky dildüwşige garşy durmalydyrlar
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri, halkara forumlarda we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň derejesinde Palestina halkynyň hukuklaryny goldamak üçin Eýran bilen Alžiriň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhümdigini aýtdy.
Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi sişenbe güni agşam Alžiriň Daşary işler ministri Ahmed Attaf bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar we sebitleýin we halkara özgerişler barada pikir alyşdy we maslahatlaşdy.
Pars Today -iň habaryna görä, bu söhbetdeşlikde Aragçi, sionist režimmiň Gazadaky we Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky Palestina sebitlerinde eden jenaýatlarynyň möwjemegine, şeýle hem Liwana garşy yzygiderli hüjümlerine ünsi çekip, goragsyz palestina halkynyň öldürilmegini we genosidini duruzmak we palestinalylary zor bilen göçürmek baradaky dildüwşügiň amala aşyrylmagynyň öňüni almak üçin yslam ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy we utgaşdyrylyşy talap etdi.
Soňra Aragçi, Alžirli kärdeşine gytaklaýyn Eýran-ABŞ gepleşikleri bilen baglanyşykly soňky wakalar barada habar berdi.
Bu söhbetdeşlikde Eýranyň Daşary işler ministri, BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň ýakynda geçirilen mejlisinde Alžririň Eýranyň ýadro meselesi boýunça prinsipial pozisiýasyna ýokary baha berdi.
Bu telefon söhbetdeşliginde Alžiriň Daşary işler ministri Ysraýyl režimi tarapyndan sebitiň dowam edýän howpyndan aladalanýandygyny aýtdy we basyp alnan Palestinde bigünä adamlaryň öldürilmegini ýazgardy we yslam ýurtlary we halkara jemgyýetçiligi tarapyndan netijeli hereket etmegiň zerurdygyny aýtdy.
Şahid Rajaee portundaky partlamadan gynanç bildirip, Ataf ölenleriň maşgalalaryna, Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna we hökümetine gynanç bildirdi.