"Pars aýlagy" ady taryhda baky galar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i26630-pars_aýlagy_ady_taryhda_baky_galar
Eýranyň hökümetiniň metbugat sekretary Pars aýlagynyň milli güni bilen gutlady.
(last modified 2025-04-30T10:26:11+00:00 )
Apr 30, 2025 15:26 Asia/Ashgabat

Eýranyň hökümetiniň metbugat sekretary Pars aýlagynyň milli güni bilen gutlady.

Eýran senenamasynda 10-njy Ordibeheşt Pars aýlagynyň milli güni diýlip atlandyrylýar. Bu gün portugaliýalylaryň Hormuz bogazyndan we Pars aýlagyndan çykarylmagynyň ýyl dönümi bellenýär.

Pars Today -iň habaryna görä, Eýran hökümetiniň metbugat sekretary Fatemeh Mohajerani Senenamada Pars aýlagynyň adyny düzdük, elbet özümize ýatlatmak üçin däl-de, ýatdan çykarýanlara ýatlatmak üçin diýdi.

Mohajerani sözüniň dowamynda bu ýer " pars "-dyr  we bu at taryhda hemişelik we baky galjakdyr diýdi.

Eýranyň hökümetiniň metbugat sekretary şeýle-de bu toprak, bu gan we bu deňiz Eýranyň ady bilen baglanyşykly we Pars aýlagy hemişelik pars bolup galar diýdi.

Pars aýlagynyň ini 240,000 km we Meksika aýlagyndan we Hudson aýlagyndan soň dünýäde üçünji uly aýlagdyr.

Pars aýlagy Oman deňzine Hormuz bogazyndan we açyk deňizlere birikdirilýär we onuň möhüm adalary: harg, bu Musa, Uly Tunb, Kiçijik Tunb, Kiş adasy, Keşm adasy we Lavan, bularyň hemmesi Eýrana degişlidir.

Pars aýlagy we onuň kenarlary nebit we gaz ýataklaryna baý, we Kuweýt, Saud Arabystany we BAE ýaly ýurtlaryň nebit transport ýolydyr . Şol sebäpli möhüm we strategiki sebit hasaplanýar.