Bagaýi: Ysraýylyň "Wajedan" gämisine eden hüjümi deňiz howpsuzlygyna garşy terrorçylykly hereketdir
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Sionist režiminiň Gazanyň halky üçin ynsanperwer kömegini alyp barýan gämä pilotsyz hüjüminiň palestina halkyna garşy aç-açan jenaýatdygyny we deňiz howpsuzlygyna garşy terrorçylykly hereketdigini aýtdy.
Pars Today ISNA salgylanyp beren habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Esmail Bagaýi şenbe güni Maltanyň kenarýakasyndaky halkara suwlarynda Gaza zolagyna azyk we ynsanperwer kömegini alyp barýan "Wajedan" gämisine pilotsyz hüjümini berk ýazgardy.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, Gaza zolagynda genosidiň bombalanmagy we açlyk arkaly dowam etdirilmegi barada aýdyp, Palestina halkynyň kolonial genosidi we ýok etmek meýilnamasyna laýyklykda we Gazanyň bigünä halkynyň azyk we derman gabawynyň dowam etdirilmegini üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylan "Wajedan" gämisine edilen hüjüm, palestina halkyna garşy aç-açan jenaýat we deňiz howpsuzlygyna garşy terrorçylykly hereketdir diýdi.
Bagaýi şeýle-de Gazadaky ýaralananlary, syrkawlary we çagalary we aýallary azykdan, suwdan we dermanlardan mahrum etmek uruş jenaýatynyň we adamzada garşy jenaýatyň aýdyň mysaly we halkara ynsanperwer hukugynyň esaslaryna edilen hüjüm hasaplanýar diýdi.
Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny we Sionist režiminiň beýleki tarapdarlaryny bu jenaýatlara dahylly hasaplap Eýran Yslam Respublikasy, Gazada we Günbatar Şeriýada ezilen palestinalylar bilen raýdaşlyk yglan etmek bilen, halkara jemgyýetçiligini we yslam ýurtlaryny Sionist režimini berk ýazgarmaga we resmileriniň jezasyz galmagyna ýol bermezlige çagyrýar diýdi.