Eýranofobiýa, Eýranyň syýahatçylyk pudagyny gowşatmak üçin dildüwşük
Eýranyň Medeniýet mirasy, syýahatçylyk we senetçilik ministrliginiň Daşary ýurt syýahatçylyk marketing we ösüş bölüminiň baş müdiri, duşmanlaryň Eýran Yslam Respublikasynyň negatiw keşbini döretmek ugrundaky tagallalaryna ünsi çekip, Eýranofobiýa, Eýranyň syýahatçylyk pudagynyň ösmeginiň öňüni almaga gönükdirilen guramaçylykly maksatnamadyr diýdi.
Pars Today -iň habaryna görä, Eýranyň Medeni miras, syýahatçylyk we senetçilik ministrliginiň Daşary ýurt syýahatçylyk marketing we ösüş bölüminiň baş müdiri Muslem Şojaýi, Halkara syýahatçylaryň köpüsi Eýrana girmek üçin aňsatlyk bilen wiza alyp bilerler, ýöne duşmançylykly habar beriş serişdeleriniň negatiw propagandasy we çäklendirilen hadysalaryň ulalmagy syýahatçylaryň arasynda gorky we şübhe döredýär we duşmanlar faktlary ýoýup, Eýranyň howpsuz we myhmansöýer keşbini zaýalamaga synanyşýarlar diýdi.
Şojaýi, Eýran hökümetiniň daşary ýurtly jahankeşdeleri çekmekde alyp barýan syýasatlaryna ünsi çekip Eýran birtaraplaýyn ýa-da ikitaraplaýyn 40-dan gowrak ýurt bilen wizalary ýatyrdy diýdi. Bu ýurtlara Türkiýe, Indoneziýa, Gazagystan, Oman we Tunis (ikitaraplaýyn) we Özbegistan (birtaraplaýyn) girýärler.