Yslam rewolýusiýasynyň lideri: Yslam ymmatyna jebislikden uly peýda ýokdyr
(last modified Sun, 04 May 2025 10:51:09 GMT )
May 04, 2025 15:51 Asia/Ashgabat
  • Yslam rewolýusiýasynyň lideri: Yslam ymmatyna jebislikden uly peýda ýokdyr

Yslam rewolýusiýasynyň lideri, adamzady dolandyrmak üçin doly we ýol görkeziji bir nusha hödürlemek üçin Haj borjuny kesgitlemekde Taňrynyň maksady diýip atlandyrmak bilen bu borçnamanyň düzümi we daşky görnüşi bütinleý syýasy we düzüm bölekleriniň mazmuny bütin adamzadyň bähbitlerini üpjün etmek üçin bütinleý ruhy we yhlaslydyr diýdiler.

Pars Today -iň Yslam Rewolýusiýasynyň Lideriniň Ofisiniň maglumat web sahypasyna salgylanyp beren habaryna görä, Yslam Rewolýusiýasynyň lideri Aýatolla Hameneýi Hezretleri ýekşenbe güni Haj işgärleri we mukaddes Käbäniň zyýaratçylar topary bilen bolan duşuşygynda häzirki wagtda Yslam ymmatynyň iň uly peýdasy yslam dünýäsiniň meselelerini çözmek üçin “agzybirlik we jebislikdir” we bu jebislik bolan bolsa, Gaza we Ýemen ýaly meseleler ýüze çykmazdy diýip beýan etdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň lideri mukaddes Käbäniň zyýaratçylarynyň Hajyň maksatlaryny we dürli ölçeglerini düşünmek we aňlamaklaryny diýseň möhüm hasaplap bu möhüm borjuny dogry ýerine ýetirmekleri üçin ilkinji ädim bilip Guran krimiň köp aýatlaryna salgylanyp,Haj bilen baglanyşykly köp aýatda "nas" adalgasynyň ulanylmagy, Hudaýyň diňe bir musulmanlar däl-de, eýsem ähli adamlaryň işlerini dolandyrmak borjuny belländigini görkezýär diýip sözüniň üstüni ýetirdiler.

Hezretleri şeýle-de Hajyň aň-düşünje taraplaryny düşündirende, görnüşi we düzümi 100% syýasy bolan ýeke-täk borç diýip atlandyrdylar. Adamlary her ýyl belli bir maksatlar üçin bir ýerde we wagtda bir ýere jemleýändigi sebäpli, bu eseriň tebigaty syýasydyr diýip nygtadylar.

Aýatolla Hameneýi Hezretleri sözüniň dowamynda  Hajyň syýasy görnüşine we düzümine goşmaça, düzüm bölekleriniň mazmuny 100% ruhy we yhlasly bolup, olaryň hersinde adam durmuşynyň dürli meselelerine we zerurlyklaryna simwoliki we öwrediji salgylanmalary bar diýip beýan etdiler.

Alyhezreti bu nyşanlary düşündirende, "Tawaf" ýa-da "aýlanmak" sapagyny monoteizmiň okunyň we merkeziniň daşyndan aýlanmagyň zerurlygy diýip atlandyrmak bilen, Tawaf adamzada hökümetiň, durmuşyň, ykdysadyýetiň, maşgalanyň we durmuşyň ähli taraplarynyň monoteizmiň töwereginde gurulmalydygyny öwredýär şeýle bolanda, wagşyçylyklar, çaga öldürmeler we artykmaçlyklar bolmaz we dünýä jennete öwrüler diýip aýtdylar.

Yslam rewolýusiýasynyň lideri, Gurandan bir aýata salgylanyp, Hajyň "jemagatdan" maksadynyň  adamyň dürli peýdalaryna düşünmek we gazanmakdygyny aýtmak bilen häzirki wagtda yslam ymmatyna agzybirlikden uly peýda ýokdyr we Yslam ymmatynyň arasynda agzybirlik, utgaşdyrmak we birleşmek bolan bolsa, Gazadaky we Palestindäki häzirki betbagtçylyklar bolmazdy we Ýemende beýle basyş bolmazdy diýip aýdyp geçdiler.