Galibaf: Sebitdäki bulam-bujarlygyň düýp sebäbi Amerikanyň Sionist mafiýasyna berýän goldawydyr
Yslam Şura mejlisiniň başlygy Günbatar Aziýa sebitindäki bulam-bujarlygyň düýbüni Amerikanyň Sionist mafiýasyny goldaýandygy bilen baglanyşdyrmak bilen Ysraýyl bu sebitde Amerikanyň wekili hökmünde çykyş edýär we Eýran Sionist režimine syýasy, ykdysady we ýarag sanksiýalaryny talap edýär diýdi.
Pars Today-iň IRNA gullugyna salgylanyp beren habaryna görä, Muhammet Bager Galibaf 14-nji maýda çarşenbe güni, Indoneziýanyň Jakarta şäherinde geçirilýän Yslam ýurtlarynyň 19-njy mejlisler konferensiýasynda eden çykyşynda: "Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza döwletleriniň 19-njy Mejlisaraara konferensiýasyna, hormatly adamlar we dostlukly ýurtlar bilen bilelikde gatnaşmak buýsançdyr diýdi.
Yslam Şura mejlisiniň başlygy şeýle-de bu sammit, geçen üstünlikleri gözden geçirmek we Yslam ymmatynyň maksatlaryny öňe sürmek üçin has ýakynlaşmak üçin täze gözýetimleri kesgitlemek üçin gymmatly pursat diýdi.
Ol şeýle hem öň görlüp-eşidilmedik kynçylyklar, dartgynlylyk, näbellilikler, çalt üýtgeşmeler we özgerişler, nyrhlaryň ýokarlanmagy, howanyň üýtgemegi we daşky gurşaw krizisleri, dünýä söwdasynyň çökmegi, hatda uruş we howpyň öjükdirilmegi, hatda dünýäde maksatly genosidiň amala aşyrymagyna yşarat edip häzirki wagtda halkara derejesindäki halkara düzgüniniň barlygy baradaky çaklama çynlakaý şübheler bilen ýüzbe-ýüz bolýar diýdi.
Yslam Şura mejlisiniň başlygy Palestindäki bu kynçylyklaryň aýdyň mysalyny getirip Palestinanyň ezilen halky häzirki taryhda belli bolan iň uzyn we iň howply basyp alyşdan ejir çekýär diýdi. Palestina köne ýarasy, Gaza krizisi bilen, yslam milletiniň bedeninde öňküsinden has çuňňur görünýär.
Ol şeýle-de dünýäniň bu zatlaryň hemmesiniň adamzada garşy jenaýatdygyny bilýändigini mälim etmek bilen, Emma reaksiýalar päsgel bermeýär we basyp alyş, genosid we jyns taýdan kemsitme ýörelgelerine esaslanan bu režim häzirki wagtda yslam dünýäsi üçin durnuksyzlygyň we howpuň iň möhüm çeşmesidir diýdi.