Eýranyň Daşary işler ministri: Gepleşiklerde ýadro hukuklary meselesinde eglişik etmeris
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i26758-eýranyň_daşary_işler_ministri_gepleşiklerde_ýadro_hukuklary_meselesinde_eglişik_etmeris
Eýranyň Daşary işler ministri ABŞ bilen gytaklaýyn gepleşiklerde Eýran halkynyň ýadro hukuklary barada eglişik etmeris diýdi.
(last modified 2025-05-16T05:42:31+00:00 )
May 16, 2025 10:42 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Daşary işler ministri: Gepleşiklerde ýadro hukuklary meselesinde eglişik etmeris

Eýranyň Daşary işler ministri ABŞ bilen gytaklaýyn gepleşiklerde Eýran halkynyň ýadro hukuklary barada eglişik etmeris diýdi.

Pars Today -iň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi Tähranyň Halkara kitap ýarmarkasyndaky Daşary işler ministrliginiň kabinasynda "Kitaplar we diplomatiýa" maksatnamasyna gatnaşan mahaly, ýadro pudagynda eýran halkynyň hukuklaryny, şol sanda bu ýörelgeleri baýlaşdyrmagy we halkyň hukuklaryny goramak, ne metbugatda, ne-de gepleşik stolundaky pozisiýamyzda eglişik etmeris bu eýran halkynyň hukugy we muny hiç kim inkär edip bilmez bu proses barada aç-açanlygy üpjün edip bileris, ýöne ýekeje ýadro desgasy hem ýygnalmaz diýdi.

Eýranyň diplomatik gullugynyň başlygy sözüniň dowamynda: Eger beýleki tarap ýadro desgalarymyzy ýok edip bilýän bolsady, gepleşiklere girmegiň zerurlygy bolmazdy, Eýran, harby hüjümden saklan ýaragly güýçlerine bil baglap, duşmany gepleşik stoluna getirdi, Eýranyň goranmak we raketa mümkinçilikleri gepleşik geçirijä güýç berýär, sebäbi beýleki tarapy harby hüjümden saklaýar we ruhdan düşürýär diýdi.

Aragçi şeýle-de  eger-de Amerikalylar sanksiýalar arkaly Eýrany dyza çökördip bilen bolsady, muny dowam etdirerdiler we gepleşik geçirmezdiler diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri metbugatyň, Günbatarlylaryň kyssasy barada hüşgär bolmalydygyna ünsi çekip, şeýle diýdi: Diňe gepleşiklerde däl, islendik ýagdaýda-da möhüm umumy prinsip kyssa bolup durýar, çäräniň düýp manysy bir zat bolup biler we gürrüň beriş başga bir zat bolup biler, gepleşikleriň ahyrynda üstünlik gazanan kim bolandygy neşir edileninden tapawutly bolar diýdi.