Welaýati: Pars aýlagyň adyny üýtgetmek baradaky ezijileriň arzuwsy başa barmaz
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i2676-welaýati_pars_aýlagyň_adyny_üýtgetmek_baradaky_ezijileriň_arzuwsy_başa_barmaz
Eýranyň yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň halkara işler boýunça maslahatçysy soňunda mydamlyk galjak hemişelik Pars aýlagydyr diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 29, 2018 15:36 Asia/Ashgabat
  • Welaýati: Pars aýlagyň adyny üýtgetmek baradaky ezijileriň arzuwsy başa barmaz

Eýranyň yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň halkara işler boýunça maslahatçysy soňunda mydamlyk galjak hemişelik Pars aýlagydyr diýdi.

şu gün Aly Akbar Welaýati Tehranda Pars aýlagy adyndaky kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynda eden çykyşynda pars aýlagyň adynyň üýtgedilmegi onuň eýeçiligi barada dawa turuzmaga mümkinçilik döretmek niýeti bilen ileri srüliýän toslamadyr diýip nygtady.

Eýranyň yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň halkara işler boýunça maslahatçysy Ali Akbar Welaýati şeýle-de Gresiýalylardan galan eserler we şol döwüre görä taýýarlanan kartalar we ulanylan sözlükler Pars aýlagyň adyna barabar gelýändir diýip sözüne goşdy.

käbir taraplar Hin akýanyna musallat bolmak niýeti bilen Pars aýlagyň adyny üýtgetjek bolýarlar emma Eýran milleti we döwleti bu işe asla rugsat bermezler diýip Eýranyň yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň halkara işler boýunça maslahatçysy nygtap geçdi.