Aragçi: Gaza krizisi halkara ulgamynyň gowşaklygyny paş etdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i26766-aragçi_gaza_krizisi_halkara_ulgamynyň_gowşaklygyny_paş_etdi
Eýranyň Daşary işler ministri Tähranyň gepleşikler forumynda Gaza krizisi, halkara ulgam sütünleriniň ukypsyzlygyndan başga-da sebitiň ykbaly sebitden daşary güýçleriň kararlaryna we erklerine bagly bolup bilmejekdigini ýene bir gezek subut etdi diýdi.
(last modified 2025-05-18T07:16:00+00:00 )
May 18, 2025 12:16 Asia/Ashgabat
  • Aragçi: Gaza krizisi halkara ulgamynyň gowşaklygyny paş etdi

Eýranyň Daşary işler ministri Tähranyň gepleşikler forumynda Gaza krizisi, halkara ulgam sütünleriniň ukypsyzlygyndan başga-da sebitiň ykbaly sebitden daşary güýçleriň kararlaryna we erklerine bagly bolup bilmejekdigini ýene bir gezek subut etdi diýdi.

Gaza söweşinde ölenler barada durup geçen Aragçi 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Gaza zolagynda altmyş müňden gowrak palestinaly öldi diýdi. Olaryň köpüsi aýallar we çagalardy. Millionlarça adam başga ýerlere göçürildi, gabaw astyna we açlyk şertlerine alyndy diýdi. Dünýäniň bu jenaýata laýyk we jogapkärçilikli jogap bermezligi gynandyrýar. Özlerini "adam wyjdanyny goraýjy" hasaplaýan güýçleriň dymmagy we hereketsizligi, halkara guramalarynyň bu betbagtçylygyň öňüni alyp bilmezligi hakykatdanam geň galdyryjy we global oýanma çagyryşydyr diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi Tähranyň gepleşikler forumynyň açylyş dabarasynda gözümiziň öňünde ýykylan zat, dünýä tertibiniň esasyny düzmeli ahlak, hukuk we syýasy şertnamalar toplumydyr diýip beýan etdi.

Prezident Masud Pezeşkianyň gatnaşmagynda geçirilýän bu forumyň açylyş dabarasynda Daşary işler ministri Seýid Abbas Arakgi çykyşyny 14-nji hökümetiň ösüşe gönükdirilen syýasatyny ýatlamak we oňa baha bermek bilen başlap, bu ýere ýygnananlaryň hemmesine, aýratyn-da Eýran Yslam Respublikasynyň abraýly prezidenti, ösüşe gönükdirilen dünýägaraýşy bilen Eýran we sebit diplomatiýasyna täze durmuş beren Dr. Pezeşkiana tüýs ýürekden sag bolsun aýdýaryn diýdi.

Daşary işler ministrliginiň Syýasy we halkara barlaglar merkezi, 1404-nji ýylyň 28-nji Ordibeheştinde şu günden başlap iki gün Tähranyň gepleşikler forumyny geçirýär. 53 ýurduň ýokary derejeli resmileri, Pars aýlagynyň ministrleri we karar berýänler we BMG wekilleri bilen 200 wekiliýetiň gatnaşmagynda bu forum resmi däl diplomatiýa üçin möhüm platforma döredýär.