Pezeşkian: Musulmanlar zuluma we adalatsyzlyga garşy durmalydyrlar
"Garşylyk diplomatiýasy we gullukdaky şehitlere hormat goýmak" atly konferensiýada Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkian, Eýranyň şehit bolan prezidenti Aýatolla Raisiniň hatyrasyna hormat goýdy we musulmanlaryň zuluma garşy göreşmek borjuny nygtady.
Masud Pezeşkian, bu konferensiýada sionist režimiň palestina halkyna garşy eden jenaýatlary barada durup, ezilenlere goldaw bermegiň zerurdygyny aýtdy we Musulmanlar zuluma we adalatsyzlyga garşy durmaly we Palestina halkynyň adalat talaplaryny dünýä eşitmeli diýdi. Palestina aýal-gyzlarynyň we çagalarynyň rehimsizlik bilen öldürilmegi sebäpli dymyp bilmeris. Palestina halky bilen durmak we olaryň hukuklaryny goramak biziň borjumyzdyr.
Prezident Pezeşkian bu dünýädäki ähli adamlaryň ýaşamaga hukugy bar we olaryň hukuklary hormatlanmalydyr. Adam hukuklary hormatlanylsa, söweş, jenaýat we agressiýa üçin sebäp bolmaz diýdi.
Pezeşkian, trumpyň soňky sebite eden sapary wagtynda we Eýran Yslam Respublikasyny howp diýip atlandyran sözlerine salgylanyp, öýleri bombalap, alymlary we bigünä adamlary öldürýän bizmi? Ýaraglarymyz bilen dünýäni gorkuzýan bizmi ýa-da sebitimize gelip haýbat atýanlarmy? Bu kast edişleri goldaýarysmy? Jenaýatçylar beýlekileri dünýäde howpy döretmekde günäkärleýärler we bu olaryň döreden syýasatynda ahlagyň ölümi hökümindedir diýdi.
Pezeşkian mundan başga-da: Sebitdäki ýurtlaryň ähli baştutanlary bilen söhbetdeş bolduk we olara doganlygymyzy, medeniýetimizi we ak ýürekliligimizi görkezmäge synanyşdyk diýdi.
Prezident Pezeşkian Pars aýlagynyň energiýasy bolmazdan, Günbataryň ysmaz boljakdygyna ünsi çekip şol sebäpden, baýlyklarymyzy islän bahasyna almak üçin aramyzda gapma-garşylyk döretmäge synanyşýarlar diýdi.
Pezeşkian şeýle-de NPT-e esaslanyp, saglygy goraýyş, oba hojalygy, senagat we beýleki möhüm ugurlar ýaly dürli maksatlar üçin parahatçylykly tehnologiýalary we ýadro gözleglerini ulanmaga hukugymyzyň bardygyny belläp, dini ynanjymyz ýadro ýaragyny öndürmäge rugsat bermeýär; adamzady ýok edip biljek we ýeriň geljegi üçin wagşylykdan başga zady ýok, indi beýlekileriň Eýranyň ýadro ýaraglaryny gurmak ugrunda hereket edýändigini öňe sürmegi, diňe esassyz we uruş isleýjilik talaplaryň gaýtalanmagydyr.
Eýranyň prezidenti şeýle-de biz ähli ýurtlaryň hukuklarynyň, şol sanda ýadro energiýasyny parahatçylykly peýdalanmak hukugynyň (NPT laýyklykda) ykrar edilmelidigine ynanýarys diýdi. Olar Eýranyň ýadro ýaragynyň bolmagyny islemeýäris diýýärler. Rewolýusiýanyň ýokary lideri, ýadro ýaraglarynyň ulanylmagyny yslam kanunlary tarapyndan gadagan edilendigini yglan etdi we bu pozisiýa Eýranda ýadro ýaragyna eýe bolmak ugrundaky tagallalaryň öňüni aldy diýip sözlerine goşdy.