Aragçi: Eýran Yslam Respublikasynyň Palestina garşylygy we halky üçin goldawy dowam edýär
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i26772-aragçi_eýran_yslam_respublikasynyň_palestina_garşylygy_we_halky_üçin_goldawy_dowam_edýär
Tähran gepleşik forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Palestina Yslam Garşylyk Hereketiniň (Hamas) Syýasy Býurosynyň agzalary Bassem Naim we Osama Hamdan duşenbe güni irden ýurdumyzyň Daşary işler ministri doktor Seýid Abbas Aragçi bilen duşuşdy.
(last modified 2025-05-20T06:14:10+00:00 )
May 20, 2025 11:14 Asia/Ashgabat
  • Aragçi: Eýran Yslam Respublikasynyň Palestina garşylygy we halky üçin goldawy dowam edýär

Tähran gepleşik forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Palestina Yslam Garşylyk Hereketiniň (Hamas) Syýasy Býurosynyň agzalary Bassem Naim we Osama Hamdan duşenbe güni irden ýurdumyzyň Daşary işler ministri doktor Seýid Abbas Aragçi bilen duşuşdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, bu ýygnakda Palestina sahnasyndaky häzirki wakalar, esasanam sionist re`imiň Gaza zolagynda eden jenaýatlarynyň täze tapgyry ara alnyp maslahatlaşyldy we pikir alyşyldy.

Öňki Palestina Saglygy goraýyş ministri Bassem Naim, Gaza zolagyndaky agyr ynsanperwerlik ýagdaýyna we agressiw režimiň Gaza halkyny bilelikde jezalandyrmak üçin suw we iýmitden ýarag hökmünde ulanmagyna ünsi çekmek bilen, Gazanyň halky we garşylyk toparlary, Palestina halkynyň bähbitlerine we zerurlyklaryna laýyk çözgüt tapylýança Sionist režiminiň jenaýatlaryna garşy durmagy dowam etdirer diýdi.

Ol şeýle-de araçy ýurtlaryň tagallalaryna garamazdan, Sionist režimi urşy duruzmak islemeýär we gepleşikleri diňe wagt tapmak üçin ulanýar we söweş meýdanynda ýetip bilmedik maksatlaryny gepleşiklerde palestina halkyna gönükdirmäge synanyşýar diýdi.

Hamasyň syýasy býurosynyň agzasy islendik gepleşikde garşylygyň ýeke-täk maksadynyň palestina halkynyň bähbitlerine we aladalaryna, şol sanda urşuň doly bes edilmegine, basyp alyjy güýçleriň Gaza zolagyndan çykarylmagyna we Gazanyň garşysyna edilen rehimsiz gabawyň ýatyrylmagyna ünsi çekdi.

Palestina goldaw berýän dostlukly ýurtlaryň edýän tagallalaryna minnetdarlyk bildirmek bilen Eýran Yslam Respublikasynyň milletiniň we hökümetiniň palestina halkyna berýän goldawyna ýokary baha berdi we Gaza zolagynda dowam edýän genosidi bes etmek üçin Yslam ýurtlaryndan we dünýäden sionist režimine edilýän basyşy artdyrmaga çagyrdy.

Daşary işler ministri şeýle hem Hamas delegasiýasyna Tähran gepleşikler forumyna gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirmek bilen Sionist režimiň we ABŞ-nyň ýaraşyk şertnamasyny döretmek baradaky meýilnamalary palestina halkynyň esasy gyzyklanmalaryna we talaplaryna laýyk gelmeýär diýdi.

Aragçi şeýle-de, Eýran Yslam Respublikasynyň, Sionist režimiň jenaýatlaryna, esasanam diplomatiýa we sebitleýin we halkara forumlarda Palestina garşylygy we halky goldamagyny dowam etdirýändigini aýtdy.