Bagaýi: Eýran-ABŞ gepleşikleriniň bäşinji tapgyry anna güni bolar
(last modified Thu, 22 May 2025 07:51:39 GMT )
May 22, 2025 12:51 Asia/Ashgabat
  • Bagaýi: Eýran-ABŞ gepleşikleriniň bäşinji tapgyry anna güni bolar

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Eýran-ABŞ gepleşikleriniň bäşinji tapgyrynyň anna güni geçiriljekdigini yglan etdi.

Bagaýi şeýle-de Omanyň anna güni Italiýanyň paýtagty Rimde Eýran-ABŞ gepleşikleriniň ýene bir tapgyryny geçirmek baradaky teklibine we geňeşlerine salgylanyp, Eýran Yslam Respublikasynyň bu teklibe razydygyny aýtdy.

Bagaýi, Eýran Yslam Respublikasynyň gepleşik toparynyň Eýran halkynyň baýlaşdyrmak we eziji sanksiýalary ýatyrmak ýaly parahatçylykly ýadro energiýasyndan peýdalanmak üçin iň ýokary hukuklaryny we bähbitlerini durmuşa geçirmekde  tutanýerlidigini we bu ugurda hiç hili tagalla ýa-da başlangyçdan saklanmajakdygyny aýtdy.