Aragçi: Gazadaky jenaýatlar bes edilmeli
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri anna güni Watikanyň resmileri bilen bolan duşuşygynda, heläkçilikleriň köpelmeginiň we genosidiň dowam etmeginiň netijesi hökmünde basyp alnan Palestindäki elhenç ýagdaýy açyklap, Gazada edilen jenaýatlara öz ýigrenjini we garşylygyny bildirmek we zolaga gumanitar kömek ibermek üçin ähli ýurtlaryň kanuny we ahlak jogapkärçiligini nygtady.
Parstoday habar gullugynyň beren habaryna görä, Watikanyň premýer-ministri Kardinal Pietro Parolin bilen geçirilen duşuşykda Eýran bilen ABŞ-nyň arasyndaky gytaklaýyn gepleşikleriň bäşinji tapgyryna gatnaşmak üçin Rime giden Seýid Abbas Aragçi, Günbatar Aziýa sebitindäki howpyň we problemalaryň esasy sebäbini basyp almak, aparteid we palestina halkynyň esasy hukuklarynyň gödek bozulmagy hasaplandy.
Şeýle hem Eýranyň Daşary işler ministri, Yslam respublikasynyň Eýran halkynyň ýadro energiýasyny parahatçylykly ulanmak üçin hukuklary we zerurlyklary baradaky pozisiýalaryny düşündirdi.