Eýran mejlisiniň başlygy Latyn Amerikasynyň 3 ýurduna sapar etdi
Eýranyň Yslam Şura mejlisiniň başlygy, BRICS parlament sammitine gatnaşmak üçin ýokary derejeli parlament delegasiýasynyň başynda şenbe güni agşam Wenesuelanyň, Kuba we Braziliýanyň Latyn Amerikasynyň üç ýurduna sebitleýin saparyna başlady.
Pars Today-iň beren habaryna görä, žurnalistler bilen söhbetdeşlikde Muhammet Bager Galibaf Latyn Amerikasy ýurtlarynyň mümkinçilikleri we parlamentleriň hyzmatdaşlygy giňeltmekdäki roly, esasanam dürli ykdysady we senagat pudaklary barada durup geçdi we BRICS Mejlisiniň spikerler forumyna gatnaşmak we bu ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen parlament, syýasy we ykdysady hyzmatdaşlyk üçin bu saparyň maksadyny yglan etdi.
Eýranyň Yslam Şura mejlisiniň başlygy şeýle-de Eýran Yslam Respublikasy, BRICS agza ýurtlar bilen parlament diplomatiýasynyň güýjüni ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin ulanmagy ýüregine düwdi diýdi.