Aragçi: Eýranyň ýadro işleriniň hemmesi Agentligiň gözegçiliginde we Howpsuzlyk şertnamasynyň çägindedir
(last modified Sun, 01 Jun 2025 08:10:51 GMT )
Jun 01, 2025 13:10 Asia/Ashgabat
  • Aragçi: Eýranyň ýadro işleriniň hemmesi Agentligiň gözegçiliginde we Howpsuzlyk şertnamasynyň çägindedir

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri şenbe güni agşam Halkara atom energiýasy gullugynyň baş müdiri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýranyň ähli ýadro işleri Agentligiň gözegçiliginde we Howpsuzlyk şertnamasynyň çägindedigini aýtdy.

Pars Today IRNA salgylanyp beren habaryna görä,Seýid Abbas Aragçi Rafael Grossi bilen geçirilen söhbetdeşlikde Tähranyň Agentlik bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy we Eýranyň ýadro işleriniň we materiallarynyň üýtgemezligi barada durup geçdi we Agentligiň baş müdirini bu meselede faktlary görkezmäge çagyrdy.

Şeýle hem Eýranyň Daşary işler ministri Grossiden indiki hepde geçiriljek Dolandyryjylar geňeşiniň mejlisinde Eýranyň Agentlik bilen hyzmatdaşlygyny düşündirmegini we islendik syýasy hereketiň netijelerini görkezmegini isledi, sebäbi Eýran islendik ýerliksiz herekete laýyk jogap berer diýdi.