Eýranyň Daşary işler ministri Liwanyň premýer-ministri bilen duşuşdy
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Liwana eden saparyny dowam etdirip, Liwanyň premýer-ministri bilen duşuşdy we iň möhüm ikitaraplaýyn we sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.
Pars Today -iň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi sişenbe güni Beýrutda Liwanyň premýer-ministri Nawaf Salam bilen duşuşdy. Duşuşykda iki tarap iň möhüm ikitaraplaýyn we sebitleýin meseleler, şeýle hem halkara meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Şu gün irden Beýruta baran Eýranyň Daşary işler ministri, Liwanly kärdeşi Ýusuf Raji we Liwanyň prezidenti Josep Aoun bilen duşuşandan soň Aýn El-Tinehde Liwan mejlisiniň başlygy Nabih Berri bilen duşuşdy.
Aragçi sişenbe güni irden Rafik Hariri howa menziline baranda žurnalistleriň ýygnagynda, Eýran Yslam Respublikasynyň daşary syýasatynda ilkinji nobatda goňşularymyz, Günbatar Aziýa sebiti we bu sebitdäki dostlarymyz bar diýdi.