Aragçi: Men diplomat we meniň wezipäm parahatçylygy gazanmakdyr
Liwanyň “Al-Manar” teleýaýlymy bilen geçirilen ýörite söhbetdeşlikde Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi meniň tebigat boýunça diplomatdygyny we meniň maksadymyň parahatçylygy gazanmakdygyny aýtmak bilen Diplomatiýanyň penjiresiniň henizem açykdygyna we gepleşikler arkaly çözgüt tapmagyň hakyky mümkinçiliginiň bardygyna ynanýaryn diýdi.
Pars Today-iň beren habaryna görä, Eýranyň urany baýlaşdyrmagy alymlarynyň iň möhüm üstünlikleriniň biri hasaplaýandygyny we hiç haçan ünsden düşürmejekdigini bellän Aragçi, baýlaşdyrmagyň lukmançylyk we önümçilik zerurlyklarymyzy kanagatlandyrmak üçin zerurdygyny aýtdy.
Aragçi şeýle-de ýerli öndürilen radioaktiw izotoplar ýylda bir milliondan gowrak hassany bejermäge kömek edýär we käbir alymlarymyz bu üstünlige ýetmek üçin janlaryny ýitirdiler we biz mundan asla ýüz öwürmeris diýdi.