Aragçi: Lideriň fatwasy - Gyzyl çyzygymyzdyr; Ýadro ýaraglary haram we kabul ederliksizdir
(last modified Sat, 07 Jun 2025 08:35:39 GMT )
Jun 07, 2025 13:35 Asia/Ashgabat
  • Aragçi: Lideriň fatwasy - Gyzyl çyzygymyzdyr; Ýadro ýaraglary haram we kabul ederliksizdir

Eýranyň Daşary işler ministri, Yslam respublikasynyň ýadro ýaraglarynyň düýbünden gadagan edilmegi baradaky prinsipial pozisiýasyna berk ünsi çekip, Yslam Rewolýusiýasynyň lideriniň, ýadro ýaragynyň gadagan edilmegi baradaky fatwa Eýran üçin eldegrilmesiz ýörelgedir diýdi.

Müsüriň Al-Nil habarlar tory bilen geçirilen söhbetdeşlikde Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi Eýranyň ýadro ýaragyny edinmek islemeýändigini aýtmak bilen bu mesele biziň ynançlarymyzdan gözbaş alyp gaýdýar we Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy Hezretleri Aýatolla Hameneýiniň fatwasyna gaýdyp gelýär diýmek bilen Hezretleriň şeýle ýaraglara eýe bolmak gadagandyr we dini ýurt bolanymyz üçin bu fatwadan daşlaşmagymyz mümkin däldir diýdi.