General Musawi: Sionist režimi Eýran halkynyň beýikligine we erkine entek düşünmedi
Eýran Yslam Respublikasynyň goşunynyň baş serkerdesi, Sionist režimiň Eýranyň beýikligine we Eýran halkynyň erkine, düşünmeýändigini belläp bu millet beýikligini we mertebesini elden berer ýaly aňsatlyk bilen gazanmady diýdi. Sionist režimi, beýik Eýran halkynyň erkine azajyk päsgelçilik döredip biläýjek derejeden kiçigöwünlidir.
Pars Today IRNA salgylanyp beren habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň goşunynyň baş serkerdesi Amir Abdul Rahim Musawiniň sözlerine salgylanyp: Eýranyň birnäçe serkerdeleriniň, alymlarynyň we eziz adamlarynyň şehit bolmaklaryny, Ýolbaşçy we Eýranyň beýik halky we Ymam Zamana tesella aýdyp gutlaýaryn diýdi.
Ol sözüni dowam etdirip jenaýatçy sionist režim agressiw hereketde raýat, harby we ýaşaýyş ýerleriniň käbir ýerlerine hüjüm etdi we birnäçe eziz halkymyzy, harby işgärlerimizi, serkerdelerimizi we alymlarymyzy şehit etdi. Sionist režimiň we onuň tarapdarlarynyň wagşylygyndan we jenaýatçylygyndan dünýä bihabar däldir diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň goşunynyň baş serkerdesi Amir Abdul Rahim Musawi şeýle-de özüniň utandyryjy döwürinde bu režim çagalaryň, aýallaryň we garrylaryň ganyny dökmek we bombalamak arkaly eýýäm heläk boljak ömrüni uzaldyp biljekdigi baradaky pikir bilen hereket etdi diýdi ýöne hakykat şudur welin, Eýranyň beýikligine we Eýran halkynyň islegine entek düşünen däldir diýdi.