Aragçi: Eýran kanuny goragyny güýç bilen dowam etdirer
(last modified Sun, 15 Jun 2025 10:00:06 GMT )
Jun 15, 2025 15:00 Asia/Ashgabat
  • Aragçi: Eýran kanuny goragyny güýç bilen dowam etdirer

Eýranyň Daşary işler ministri Sionistleriň agressiýasyna jogap hökmünde Eýran Yslam Respublikasy kanuny goragyny güýç bilen dowam etdirer we ýaragly güýçlerimiz öz ygtyýarlyklaryny ygtyýarlyk bilen ýerine ýetirer diýdi.

Pars Today-iň habaryna görä, ýekşenbe güni irden Tähranda ýaşaýan daşary ýurt we halkara wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşykda Seýid Abbas Aragçi sionist režimiň Eýran Yslam Respublikasyna garşy agressiýasyna ünsi çekip bu waka ABŞ bilen gepleşikler wagtynda bolup geçdi we altynjy tapgyr şu gün Muskatda geçirilmelidi diýdi.

Sionistleriň Eýrana garşy agressiýasy barada durup geçen Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi bu gezek sionist režimi halkara hukugynda täze bir gyzyl çyzykdan geçdi, bu ýadro desgasyna edilen hüjüm, halkara hukugy nukdaýnazaryndan bozulýar we islendik ýagdaýda gadagan edilýär we gynansak-da Howpsuzlyk Geňeşiniň biperwaýlygy bilen ýüzbe-ýüz bolýar diýdi.