Pezeşkian Eýran radiosyna we telewideniýesine baryp gördi; Hakykatyň sesini dymyp bolmaz
(last modified Sat, 21 Jun 2025 15:02:07 GMT )
Jun 21, 2025 20:02 Asia/Ashgabat
  • Pezeşkian Eýran radiosyna we telewideniýesine baryp gördi; Hakykatyň sesini dymyp bolmaz

Şu gün Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Masud Pezeşkian, Sionist režimi tarapyndan hüjüm edilen Eýran Yslam Respublikasynyň tele-radio Guramasynyň habar binasyna baryp gördi.

Şenbe güni, Eýran Yslam Respublikasynyň tele-radio Guramasyna eden sapary wagtynda Masud Pezeşkian guramanyň şu günlerdäki işleri üçin minnetdarlyk bildirdi we "Hakykatyň sesini dymyp bolmaz" diýdi.

Pars Today -iň habaryna görä, Eýran tele-radio Guramasynyň başlygy Peýman Jebali bu sapar wagtynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine ýoldaş boldy.

Sionist regimi jenaýatçylykly hüjümlerini dowam etdirip, 16-njy iýunda, göni ýaýlymda efire berilýän mahaly, Eýran Yslam Respublikasynyň tele-radio Guramasyna aýna binasyna hüjüm etdi.

Sionistler Eýran Yslam Respublikasynyň radio we telewideniýesiniň aýna binasyna hüjüm edenlerinden soň, Eýranyň radio we telewideniýe guramasynyň başlygy Peýman Jebali öz habarynda: Bu hüjüm Eýranyň radio we telewideniýesiniň duşmanyň strategiki metbugat çuňlugyny takyk nyşana alýandygyny görkezýär diýdi.

Eýran gahraman halky milli metbugatda sionist duşmany tarapyndan başlanan bilelikdäki söweşde rol oýnamak kararymyzyň birnäçe esse artandygyny we kapyr frontuny metbugat arkaly ýeňmek islegimizde ejizlemändigini aýtdy.