Eýranyň we Fransiýanyň daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Fransiýanyň Daşary işler ministri Eýranyň Daşary işler ministri bilen ABŞ-nyň Eýranyň parahatçylykly ýadro desgalaryna garşy eden hüjüminden soň sebitdäki soňky wakalar barada gürleşdi.
Pars Today -iň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi Fransiýanyň Daşary işler ministri žan-Noel Barrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň parahatçylykly ýadro desgalaryna eden agressiw hüjümini berk ýazgardy we bu harby hereketi Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy ýaly ähli halkara kanunlaryň we düzgünleriň bozulmagy diýip atlandyrdy.
Aragçi şeýle-de ýurtlaryň bu agressiýa garşy dymmagy we hereketsizligi ähli ýurtlar üçin giň erbet netijeleri getirer diýdi.
Fransiýanyň Daşary işler ministri hem bu hüjüme gynanç bildirdi we bu agressiýany meýilleşdirmek we ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly her hili gatnaşygy ret etdi, ABŞ-nyň harby agressiýasyndan soň sebitdäki dartgynlygyň güýçlenmegine alada bildirdi we Eýran bilen Ýewropanyň arasynda gepleşikleriň dowam etdirilmegini isledi.